Berkarar Diýarymyzda türkmen topragynyň ummasyz tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Ýaňy-ýakynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Esasan hem Amyderýanyň kenarynda bitýän buýanyň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklarymyzyň biridir. Mälim bolşy ýaly buýan köki gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer we kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar. Buýan köküni ýygnamak, täzeden işlemek we ýurdumyzyň içki bazarlaryna, şeýle hem daşary döwletlere eksport etmek işleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Buýan» obasenagat toplumy tarapyndan alnyp barylýar.
Kärhana boýunça her ýyl 19 müň tonna töweregi çig görnüşindäki buýan köki taýýarlanylýar. Kärhanada buýan köki täzeden işlenilip, onuň arassalanylyp baglanan önümi, şeýle hem buýan köküniň ekstrakty taýýarlanylýar. Bu öndürilýän önümler dünýä bazarynda uly islege eýe bolup, ol daşary döwletleriň ençemesine eksport edilýär. Ýurdumyzda buýan kökünden alynýan önümleriň täze, möhüm we has uly islegden peýdalanylýan görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça hem anyk işler amala aşyrylýar. Welaýatymyzyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň işe girizilmegini hem-de häzirki wagtda bu kuwwatly kärhananyň gadamynyň barha batlanýandygyny belläp geçmek buýsançlydyr. Täze döwrebap kärhana bir ýylyň dowamynda 4 müň 500 tonna buýan kökünden 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenendir. Kärhananyň önümçilik binasynda biz işleriň ýola goýluşy bilen tanyşmak maksady bilen bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.
– Ilki bilen biz häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhanany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize köp-köp sag bolsun aýdýarys. Önümçilik binasy degişli yzygiderlikde buýan köküni kabul ediş we owradyş, ekstraksiýa bölümlerinden, sedimentasiýa, ýagny ekstraktyň çökündisi alynýan bölüminden, şeýle hem guradyjy we gaplama bölüminden ybarat bolup, bu bölümlerde Italiýa döwletiniň iň kämil, häzirkizaman «MION & MOSOLE», «DELLA TOFFOLA» hem-de «TEKOMA» enjamlary ornaşdyrylandyr. Önümçilikde ähli işleriň kompýuterler arkaly dolandyrylmagy we gözegçilik edilmegi hünärmenler üçin örän amatlydyr. Biziň şeýle döwrebap kärhanada zähmet çekýändigimize buýsanjymyzyň çägi ýok – diýip, kärhananyň kabul ediş we owradyş bölüminiň baş operatory Bäşim Allaýarow gürrüň berdi.
– Täze kärhanada zähmet çekmek, dünýäniň dürli döwletlerine eksport edilýän gymmatly önümleri öndürmekde öz goşandyň bardygyny duýmak biziň üçin buýsançlydyr. Ynha, görşüňiz ýaly önümçilik binasynyň guradyş we gaplaýyş bölüminde taýýar önümler iki tapgyrda guradylýar we taýýar bolan glisirrizin turşusy ýörite gaplaýjynyň üsti bilen 25 kilogramlyk polietilen haltalara gaplanylýar. Önümçiligiň dowamynda buýan kökünden emele gelýän galyndynyň oba hojalyk ulgamynda mineral dökün hökmünde peýdalanylmagy-da bu kärhananyň aýratynlygydyr – diýip, kärhananyň guradyş we gaplaýyş bölüminiň operatory Begenç Joraýew söhbetdeşligiň üstüni ýetirdi.
Önümçilikde çig mal hökmünde ulanylýan buýan köki, şeýle hem taýýar önümiň hil derejesi bu ýerde hereket edýän Ýaponiýada, Germaniýada we Italiýada öndürilen kämil tehnologiýalar oturdylan 2 bölümden ybarat – bakteriologiýa we mikrobiologiýa barlaghanalarynda kesgitlenilýär. Bu ýerde işleýän Jahana Hojanepesowanyň, Reýhan Hallyýewanyň, Jennet Ýusupowanyň kämil enjamlaryň üsti bilen çig hem-de taýýar önümleriň düzümini, hil derejesini kesgitlemek boýunça yhlas bilen geçirýän işleri aýratyn bellärliklidir.
Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň ruhubelentligi, kämil tehnologiýalaryň inçe syrlaryny yhlas bilen ele almaklary, täze önümçilik desgasynyň gadamynyň barha batlanmagyny üpjün edýär. Kärhananyň işgärleriniň täze döwrebap desgany gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarynyň çägi ýok.