Ï Türkmenistanyň žurnalistleri Pekinde okuw maslahatyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň žurnalistleri Pekinde okuw maslahatyna gatnaşýarlar

view-icon 2513
Türkmenistanyň žurnalistleri Pekinde okuw maslahatyna gatnaşýarlar

2000-nji ýyldan başlap, Hytaýyň CBIC ýöriteleşdirilen teleradioýaýlymlar kompaniýasynyň okuw bölümi KHBS-niň täzelikleri beýan edýän işgärleri we žurnalistleri üçin her ýyl okuw maslahatyny geçirýär.

Bu ýerde Aziýanyň, Afrikanyň, Latyn Amerikanyň, Ýewropanyň we Okeaniýanyň ösüp barýan ýurtlaryndan her ýyl jemi iki müňden gowrak hünärmenleri okuw geçýärler. Şu gezekki okuwlara Merkezi Aziýa döwletlerinden media-düzümleriniň dolandyryjy işgärleri goşuldy. Okuw maslahatynda Türkmenistana ýurduň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) ýanyndaky «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron elektron gazetiniň redaksiýasynyň, Halkara habarlar merkeziniň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri wekilçilik etdiler.

CBIC kuwwatly žurnalistik binýada we tehniki konsalting ulgamynda baý tejribä eýedir. Hytaýyň radio, telewideniýe we elektron KHBS-i boýunça hünärmenleri dünýäde radio we teleýaýlymlar babatda iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdyr. Häzirki okuw maslahaty Merkezi Aziýa sebitiniň täzelikleri beýan edýän işgärleri hem-de žurnalistleri üçin hünär taýdan taýýarlygyň ýörite maksatnamasy bolup durýar.

Yzygiderli okuwlaryň, gezelençleriň we medeni alyşmalaryň utgaşdyrylmagy netijesinde, diňleýjiler täzelikleriň beýan edilişinde soňky wakalar hem-de ýagdaýlar barada doly düşünje alyp bilerler, öňdebaryjy media tehnologiýalary we dolandyrmagyň konsepsiýalaryny özleşdirip bilerler, şeýle hem täzelikleri taýýarlamak, kontent döretmek hem-de KHBS-i bilen işlemek babatda öz hünär başarnyklaryny ýokarlandyryp bilerler.

Okuw maslahatynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlary tarapyndan gazanylan soňky ylalaşyklara uly üns berler, häzirki döwrüň halkara derejesindäki ýaýlymlara berilişiniň ýagdaýlary hem-de täze aýratynlyklary göz öňünde tutular, nazaryýetiň we tejribäniň utgaşdyrylmagyna ähmiýet berler.

Mundan başga-da, guramaçylar özara düşünişmegiň hem-de Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyny, täzelikler kommunikasiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny maksat edinýärler.