Ï Türkmen hurmasy – güýz «altyny»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hurmasy – güýz «altyny»

view-icon 2134
Türkmen hurmasy – güýz «altyny»

Türkmenistanda oba hojalygy möwsüminiň möhüm döwri – hurma hasylyny ýygnamak möwsümi dowam edýär. Ýokumynyň gymmaty we ýakymly tagamy bilen tanalýan şirinden hoşboý ysly bu miwe oktýabr aýynyň ahyryndan bişip başlaýar we göni ýurduň bazarlaryna hem dükanlaryna iberilýär.

Soňky onýyllygyň dowamynda hurma oba hojalygynyň iň möhüm ekinleriniň birine öwrüldi. Daýhanlar ony ösdürip ýetişdirmek bilen işjeň meşgullanyp, zähmetiniň netijesinde bol hasyl alýarlar. Hurma agajynyň her düýbi 20–25 kg miwe berýär, bu netije hurma üçin möhüm görkezijidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda hurmanyň dürli görnüşleri ýetişdirilýär: irki, orta we giçki sortlar güýzüň ahyryna we gyşa çenli bazarlarda ter miweleriň hemişe bolmagyny üpjün edýär. Ýerli görnüşlere «dilimli» we «gümmezli» ýaly üýtgeşik görnüşler girýär. 

Hurma diňe bir şirin miwe bolman, eýsem, A, C we E witaminlerine baý ýokumly iýmitdir. Ol ajaýyp ýod çeşmesidir – onuň 100 gramy bu möhüm elementiň takmynan 30 mkg öz içine alýar. Ýod mukdary nukdaýnazaryndan, hurma diňe deňiz balyklary bilen bäsleşýär, bu bolsa ony galkan şekilli mäzleriň saglygyny goraýjy gymmatly iýmit goşundysy edýär.

Bu güýz miwesi öýjükleri erkin radikallaryň ýetirýän zyýanyndan goraýan antioksidantlara baýdyr; bu bolsa çiş keseline garşy göreşde ýardam edýär. Mundan başga-da, hurma miwelerinde iýmit siňdirişini ep-esli gowulandyrýan we içegäniň işini kadalaşdyrýan köp süýüm bar. Bu, esasanam, güýzde, ýagny möwsüm çalşygynyň adaty iýmitlenişe täsir edip bilýän döwründe, aýratyn ähmiýete eýedir.

Hurma bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistan bu ekiniň eksport mümkinçiligini depginli ösdürýär. Miweleriniň ýokary hili we görnüşleriniň dürlüligi sebäpli, türkmen hurmasy halkara sahnasynda bäsdeşlik etmek ukybyna eýe bolýar.