Ï Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

view-icon 2354
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýyl Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigini bellemek gerek.

...Şu günki sport çäresine gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar we beýlekiler ýygnandylar. Köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ir säher bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki meýdança geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny synlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz batly gadamlar bilen Saglyk ýolundan ýörişe başlady. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylaryň ählisi ýörişe goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň Saglyk ýolundan halk köpçüligi bilen bilelikde geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan özboluşly Saglyk ýoly sport-sagaldyş düzüminiň esasy desgalarynyň biridir. Saglyk ýoly dürli ýaşdaky adamlara diňe bir saglygyny berkitmäge däl, eýsem, tebigat bilen has ýakynlaşmaga-da mümkinçilik berýär. Sport sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Ýurdumyzda sport hereketine goşulýanlaryň sany yzygiderli artyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleri guramak indi asylly däbe öwrüldi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň ruhubelent bolmagyna, onuň döredijilik işine oňyn täsir edýär. Bu ajaýyp künjekde dagyň tenekar howasy, güýz paslynyň ynsan ruhuny göterýän säheriniň hoştaplygy bilen utgaşyp, adamlary beýik maksatlara ruhlandyrýar. Bu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde tebigaty goramak meselesine möhüm ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini aýawly saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyşan ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi, şol sanda Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

...Bu ýerden türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeli seleňläp görünýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr. Şahyryň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Söz ussadynyň dürdäne eserlerini halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandarlarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdir.

Bu ýerden paýtagtymyz örän ajaýyp görünýär. Belent binalar ak mermere beslenen Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözel görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede özgerýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat dünýäniň owadan hem-de ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny has-da pugtalandyrýar.

Köpçülikleýin ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowdan alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer şäheriň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz baş şäherimizi ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara talabalaýyk ideg etmek, ýaşaýjylar üçin amatly şertleri, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň geriminiň giňemegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töwereginde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda ýaz hem-de güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralarynyň dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär. Saglyk ýolunyň ugrunda hem-de golaýynda ekilen agaç nahallary we güller bu ýeriň gözelligini has-da baýlaşdyrýar, Köpetdagyň eteginiň ekologik ýagdaýyna amatly täsirini ýetirýär. Munuň özi salkyn howaly güýz günlerinde has-da äşgär duýulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde öz çägini giňeldýän tokaý zolaklary türkmen tebigatynyň bezegine, ekologik abadançylygyň esasy şertine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselelerine, tebigaty goramak strategiýasynyň wezipeleriniň yzygiderli esasda çözülmegine uly üns berýär. Şunuň bilen bir hatarda, Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýer köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde türgenleriň, saglygyny berkitmek isleýän raýatlaryň gelýän esasy merkezleriniň biridir. Sport bilen meşgullanmak adamlara boş wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edip, onda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini üpjün edýär. Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Sport Watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan sport çärelerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

1894-nji ýylda Parižde fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten Olimpiýa hereketini esaslandyrdy. 1896-njy ýylda bolsa Gresiýanyň Afiny şäherinde Halkara Olimpiýa Komiteti tarapyndan häzirki döwrüň ilkinji Olimpiýa oýunlary guraldy. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ymtylmanyň ruhy “Eý, sport! Sen — parahatçylyk!” diýen sözler bilen wasp edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň “Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli” diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda täze sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi. Bu desgalar toplumynyň gurluşygy türkmen sportuny ösdürmekde wajyp tapgyr boldy. Onuň çäginde ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň ençemesi bolup, olarda iri halkara ýaryşlaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýyldaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny görkezmek bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň belende göterilmegine, Bitarap Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlarynyň ilerledilmegine ýardam berýär.

...Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýolundan ruhubelentlik bilen geçip, onuň tamamlanýan ýerine — pellehana geldi. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz sport çäresine gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adamyň paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

***

Şu gün Saglyk ýolundaky köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, türgenler, talyplar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, sport mekdepleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurulmagy netijesinde halkara ölçeglere laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumynyň, suw-sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň döredilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň anyk mysallarynyň biridir.

Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, gowy netijeleri gazanýarlar. Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, türgenler bolsa dostlugyň, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçileridir. Olar hoşmeýilli erkiň beýik taglymlaryny dünýä ýaýýarlar. Şoňa görä-de, milli sport ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.

Asylly däbe görä, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli sporty ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan uly goşantlaryna hormatyň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sarpalanylýar. Dabara mynasybetli bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň belent derejelere ýetendigini belledi. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary derejeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sport babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getirmek üçin ähli şertleri dörederis. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça guralan ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňra köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanly türgenler 3 — 5-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» halkara ýaryşynda, 31-nji mart — 11-nji aprel aralygynda Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça geçirilen dünýä kubogynda, 22 — 26-njy maýda Peru Respublikasynyň Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda, 22 — 30-njy sentýabr aralygynda Bruneý Darussalam Döwletiniň Bandar Seri Begawan şäherinde sportuň uşu görnüşi boýunça geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky 9-njy dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular.

Türgenlerimiz 6 — 10-njy iýun aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kuraş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda, 23-nji awgust — 1-nji sentýabr aralygynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde sportuň kikboksing görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 8 — 13-nji sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş hem-de kuraş göreşi boýunça dürli derejeli medallary gazandylar. Şeýle-de 29 — 31-nji mart aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen “Uly tuwulga” halkara ýaryşynda, 25 — 29-njy aprel aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 19 — 28-nji sentýabr aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, 1 — 4-nji oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça ulularyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, 20 — 26-njy iýun aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde parapauerlifting boýunça geçirilen halkara ýaryşda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan Alp Arslan Begenjowa hem-de agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolan Şahzadbek Matýakubowa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulaglar sowgat berildi.

Sylaglara mynasyp bolanlar hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mundan beýläk-de mynasyp wekilçilik etjekdiklerine ynandyrdylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Şeýlelikde, şu gezekki dabara halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belende galdyran türgenlerimize goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň güwäsine öwrüldi.