Ï Türkmenistan saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrýar

view-icon 2251

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bank pudagynyň işgärlerine we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Gutlagynda ýurdumyzyň ygtyýarly maliýe guramalary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň uzak we gysga möhlet bilen karz alnan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýändigini we bu işe daşary ýurt maliýe guramalarynyň işjeň gatnaşdyrylýandygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejesindäki onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada gol çekilen şertnama Türkmenistanyň halkara maliýe edaralary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň soňky mysallaryndan biridir. Bu resminama Waşingtonda Daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça döwlet bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Türkmenistan tarapyndan YÖB-niň dolandyryjysy we Yslam ösüş bankynyň başlygy Muhammet Al Jasser gol çekdi.

Gol çekişme Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň 2024-nji ýylda ABŞ-nyň Waşington şäherinde bolan ýyllyk ýygnaklarynyň çäginde amala aşyryldy. Taslamanyň çäginde ýurduň üç sany esasy şäherlerinde 11,750 näsaga rak keseliniň ösen bejergisiini hödürlejek üç sany döwrebap hassahana gurlar. Täze şertnama Türkmenistanyň YÖB bilen saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygyny artdyrar. Yslam ösüş bankynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, iki tarap arasynda geçen maslahatlaryň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegine has jikme-jik garadylar we «YÖB-na agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy» (MCPS 2024–2027) atly resminamanyň çäginde bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Olar, şeýle hem ýaşyl energiýa we infrastruktura taslamalarynda tehniki kömek maksatnamasy we hususy pudak bilen mundan soňky gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. YÖB Türkmenistanyň dürli pudaklarda, esasanam, energiýa, saglygy goraýyş, ulag we söwda pudaklarynda ösüşini maliýeleşdirmäge möhüm goşant goşdy. YÖB topary, esasan, sebit gatnaşyklaryny güýçlendirýän we ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrýan iri taslamalara, şol sanda Bereket – Etrek demir ýol taslamasyna, TOPH gaz geçirijisine we telekommunikasiýa ulgamyny gowulandyrmak taslamasyna goldaw berdi.