Ï Usat halypany ýatlap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Usat halypany ýatlap

view-icon 2802

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýewiň 95 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. 

Konserti saz taryhy kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylow açyp, gyjak milli saz guralynda halk sazlaryny ýerine ýetiren tanymal sazandanyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi.

Annageldi Jülgäýew 1929-njy ýylyň 7-nji maýynda Ahal welaýatynda dünýä inýär. Onuň asly öz döwrüniň meşhur sazandalaryndandyr. Ol çagalygyndan atasy Sary bagşynyň, garyndaşlary Pürli, Oraz we Nury Saryýewleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny höwes bilen diňleýär. Oglanyň zehinini görüp, garyndaşlary Annageldijige saz sungatyny öwredip başlaýarlar. Onuň ilkinji halypasy meşhur dutarçy we mukamçy kompozitor Pürli Saryýew bolupdyr. Pürli aga soňra türkmen halk saz gurallary orkestrini esaslandyryjylaryň biri boldy.

Maşgala däbini dowam etdiren gyjakçy Annageldi Jülgäýew ýerine ýetiriş sungatynda täze sepgitlere ýetdi. Kämillik ýaşyna ýetensoň, ol ezber sazandalygy we gadymy türkmen saz guralynyň owazy bilen diňleýjileri özüne bendi edip, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň köp ýurdunda birnäçe konsert berdi. Ol «Aýa meňzär», «Gal indi», «Näz eder», «Ak eşekli», «Keç pelek», «Torgaý guşlar», «Ýaşylbaş», «Leýli gelin», «Bike halan» «Dilberim», «Ýylgaýlar», «Dön göwnüm», «Nergiz», «At çapar» ýaly ajaýyp sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirerdi. Onuň uzak we netijeli işi üçünji derejeli «Altyn asyr» ordeni we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen bellendi.

Konsertde sazandanyň dostlarynyň we kärdeşleriniň ýatlamalary-da ýaňlandy, Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, şeýle hem konserwatoriýanyň talyplary halypanyň mukamlaryny, türkmen halk aýdymlaryny we Sary bagşa hem-de Durdy bagşa bagyşlanan eserleri ýerine ýetirdiler.