Ï Röwşen Nepesowyň «Pyragy» atly saz eseri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Röwşen Nepesowyň «Pyragy» atly saz eseri

view-icon 2169
Röwşen Nepesowyň «Pyragy» atly saz eseri
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Röwşen Nepesowyň awtorlyk konserti geçirildi, onda kompozitoryň täze eseri – «Pyragy» atly saz eseri ýerine ýetirildi. Biz onuň bilen duşuşyp, ony üstünlikli çykyşy we doglan güni bilen gutladyk.

«Siz näme üçin doglan günüňizi öýde, maşgalaňyzyň we ýakynlaryňyzyň arasynda däl-de, sahnada bellediňiz?» diýen soraga halypa: «Sazanda üçin sahna hem öýüdir, iň arzyly myhman bolsa kompozitora belet we onuň döredijiliginiň muşdagy diňleýjilerdir» diýip, jogap berdi.

– «Pyragy» poemasyny döretmek pikiri nähili geldi?

– Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden bellenýär. Bir gezek men, tötänden diýen ýaly, türkmen suratkeşleriniň Magtymguly Pyragynyň bir setirinden alan ylhamy esasynda çekilen surat eserleriniň sergisine düşdüm. Men haýran boldum. Beýik şahyra dörän hormatyň täsirini aýdyp-diýer ýaly däldi. Şonuň üçin men ony sazda beýan etmek isledim. Saz gurallaryndan dutar ýa-da fortepýano däl-de, inçe, belent duýgulary beýleki gurallardan has gowy beýan edýän skripkany saýladym. Men täze eserimde solistlik etmegi, pikirimçe, iň ezber skripkaçy Bahram Dolyýewe ynandym we onuň ýerine ýetiriş ussatlygyndan diýseň razy boldum. Çykyşyň dowamynda ol skripkadan almak mümkin bolan hemme sesi çykardy. Ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin çuňňur hoşallygymyň alamaty hökmünde Bahramy sahnada berk gujakladym.

– Siz saz eseriňize örän göwrümli at goýupsyňyz – «Pyragy». Näme üçin? Men skripkanyň owazyndan Magtymguly Pyragynyň durmuşyny doly duýdum, çünki owaz belentligi maňa has ýokary galmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň üstünde howalanyp, ýer togalagynyň ýokarysyndan arşa galýan mugjyzady. Meniň pikirimçe, bu poema «Magtymguly Pyragynyň zehininiň arşa galmagy» diýip at goýmak bolardy.

– Belent mertebesine garamazdan, Magtymguly kiçigöwünli, sada adam bolupdyr. Şuny eserimiň gysga «Pyragy» adynda nygtamak isledim.

– Konsertde «Kamerata Aşgabat» orkestri siziň sekiz eseriňizi ýerine ýetirdi. Meniň pikirimçe, olaryň iň gowusy «Pyragy» poemasy, a, siz nähili pikirde?

– Meniň üçin eserlerim – «çagalarym», şonuň üçinem olar babatynda «iň gowusy» diýen düşünje ýerliksizdir. Olaryň hersinde kalbymyň bir bölegi bar.

– Konsertde täze eseriňiz – «Küştdepdi» simfoniýasynyň üstünde eýýäm işe başlandygyňyzy tomaşaçylara ýetirdiňiz.

– Hakykatdanam, men täze eser bilen doly gümra. Ony akademiki simfoniýanyň halk döredijiligi bilen utgaşjak häzirki zaman görnüşinde göz öňüne getirýärin. «Küştdepdi» simfoniýasynyň esasy pursady Hazaryň tolkun sesleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessuryna geçmegidir. Biz şol bir wagtyň özünde bu taslama üçin wideoşekilleri düşürmegiň üstünde-de işleýäris.

– Size täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!