Ï Çagalara dostlukly çemeleşme boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalara dostlukly çemeleşme boýunça okuw geçirildi

view-icon 1468
Çagalara dostlukly çemeleşme boýunça okuw geçirildi

5-nji noýabrda ÝUNISEF-iň goldawy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar babatynda ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik çaga şaýatlaryň gatnaşmagynda jenaýat derňewleri geçirilende, çagalara dostlukly çemeleşmek boýunça dört günlük okuw tamamlandy.

BMG-niň edarasynda geçirilen bu okuwa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň içeri işler edaralarynyň sülçüleri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Psihologiýa kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdy.

Okuwa gatnaşanlar baha bermek, maglumat ýygnamak we çagalaryň iň gowy bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, zerurlyklary kesgitlemegiň usulyýetini we gurallaryny öwrendiler. Sapaklarda özüňi alyp baryş derňewi, jenaýat derňewinde psihologik bilimleriň jähetleri, ýöriteleşdirilen hünärmenleriň we psihologlaryň gatnaşmagynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar babatynda jenaýatlara jogap berlende pudagara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny görkezdi. 

Okuwyň barşynda çaganyň kämillik derejesini we işiň ýagdaýyny nazara almak bilen, çaganyň hukuklaryna hormat goýulmagyny we olaryň goralmagyny hem-de netijeli ýerine ýetirilmegini kepillendirýän «çagalara hoşniýetli adalat» çemeleşmesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň ýaly çemeleşme çagalaryň has ejizligi we olaryň gürrüňdeşlik geçirilýän döwründe özlerini howpsuz duýmaklaryna mätäçligi, munuň bolsa olara aýratyn üns berilmegini talap edýänligi sebäpli örän möhümdir. 

Okuwa gatnaşanlar, şeýle hem Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar babatynda ýa-da çaga şaýatlaryň gatnaşmagyndaky jenaýatlary derňemek işine gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuw maslahatynda özleşdirilen usullary hünär okuw modullaryna goşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.