Ï Meşhur bagşynyň hatyrasyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur bagşynyň hatyrasyna

view-icon 1638
Meşhur bagşynyň hatyrasyna
Meşhur bagşynyň hatyrasyna
Meşhur bagşynyň hatyrasyna
Meşhur bagşynyň hatyrasyna

Türkmenistanda medeni miras aýawly goralyp saklanýar we saz sungatynyň taryhynda hem halkyň hatyrasynda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalara mynasyp hormat goýulýar.

Şunuň ýaly adygan halk bagşylarynyň biri-de Japar Hojanepesowdyr. «Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlara ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýlekiler bilen bir hatarda onuň hem adyny tutdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, özboluşly eserleri bilen halkyň ýadynda galan we milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan bu sungat  halypalaryna buýsanmaga haklydyrys.

Japar Hojanepesowyň döreden «Joşgun», «Pagtaçy gyz», «Söýýärin», «Bu parahatçylyk» ýaly aýdymlary giň halk köpçüliginiň arasynda meşhurlyga eýe bolup, milli mirasyň möhüm bölegine öwrüldi. Onuň ýerine ýetiren «Gökdepe mukamy», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Şadilli», «Berkeli çokaý», «Zybagözel», «Tomagaly», «Şirin-şeker», «Ýandym gyrk» we beýleki sazlary diňleýjilerde uly täsir galdyrýardy. Bularyň bary barada ýaňy-ýakynda Änew şäheriniň medeniýet öýünde bolup geçen halk bagşysy Japar Hojanepesowyň durmuşyna we döredijilik ýoluna bagyşlanan «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabarada aýdyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras bölüminiň Ahal welaýat medeniýet bölümi bilen bilelikde guran bu çäresine medeniýet we sungat pudagynyň işgärleri, bagşy sazandalar we mugallymlar gatnaşdy. Çykyş edenler Japar Hojanepesowyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşandygyny bellediler, şeýle hem onuň döredijilik mirasy we terbiýeçilik işleri barada gürrüň etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli saz gurallarynda ýerine ýetirilýän we esasanam, dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan dörän halk aýdym-sazlary baýramlarymyzyň bezegi we türkmen halkynyň ruhy hemrasydyr. Änew şäher medeniýet öýünde sazanda bagyşlanyp guralan sergi-de baýramçylyga gatnaşanlarda gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň at gazanan artistleri Altymyrat Pirmämmedowyň, Ogulmeňli Muhamowanyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunowyň, «Çalsana, bagşy» bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Bäşimowyň, Ahal welaýat medeniýet öýüniň we Ahal welaýatynyň halk saz gurallarynyň birleşen ansamblynyň aýdymçysy Gülşöhle Orazsähedowanyň ýerine ýetirmeginde Japar Hojanepesowyň repertuaryndan eserler ýaňlandy.