Ï Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly giň gerimli festiwal geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly giň gerimli festiwal geçiriler

view-icon 1716
Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly giň gerimli festiwal geçiriler

9-njy noýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeni we dynç alyş seýilgähinde Türkmenistanyň hökümetiniň goldamagynda ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda BMG-niň ýurt boýunça topary tarapyndan Türkmenistanda her ýyl geçirilýän «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçiriler.

Bu çäre saglyk mümkinçiligi çäkli adamlara beýlekiler bilen aragatnaşyk açmak, şeýle hem öz ukyplaryny, zehinlerini we gazananlaryny görkezmek üçin amatly meýdança hödürlemek arkaly goşulyşmagy hem-de deňligi ösdürmäge gönükdirilendir. Festiwal howpsuz we giň gerimli gurşawyň döredilmeginiň mümkinçiligi çäkli adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün edýändigini görkezmegi maksat edinýär. Bu her ýyl bütin dünýäde 3-nji dekabrda bellenilýän Halkara maýyplar gününiň öňüsyrasynda giň gerimli jemgyýet gurmak barada habarlylygy artdyrmak üçin möhüm mümkinçilikdir. Bu ýerde her kim öz gyzyklanmalaryna we başarnyklaryna laýyk bir zat tapyp biler ýaly, festiwala gatnaşýanlar üçin dürli döredijilik, sport we güýmenje çäreleri taýýarlanypdyr.

Sport meýdançasynda eşidiş we görüş taýdan mümkinçiligi çäkli adamlar woleýbol, stol tennisi we küşt oýnap bilerler. Tämiz howada gowy dynç almak üçin, gaýa dyrmaşmak we tutuş maşgala üçin sport oýunlary teklip edilýär. Döredijilik çäreleri meýdançasynda surat çekmek bäsleşigi, wiktorinalar, çagalar üçin ýüzüňi boýamak ýaly oýunlar geçiriler. Mümkinçiligi çäkli ussatlaryň ýadygärlik sowgatlarynyň we esbaplarynyň ýörite sergisi-de geçiriler. Güýmenjeler aýdym-sazly, tansly çykyşlary we fleş-moblary öz içine alýar. Festiwalyň guramaçylary, goşulyşmagy we deňligi bellemek bilen, özboluşly tejribe gazanmak we ylham beriji ýagdaý döretmek üçin myhmanlary bu çärelere gatnaşmaga çagyrýar.