Ï «Ozon» rus kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel – 2024» sergisinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ozon» rus kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel – 2024» sergisinde

view-icon 2894
«Ozon» rus kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel – 2024» sergisinde

Şu gün Aşgabatda  telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we  teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin onlarça ýurtdan telekommunikasiýa hyzmatlaryny we önümlerini öndürýän kompaniýalar Türkmenistanyň paýtagtyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Munuň şeýledigine ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

 «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan gadymy döwürde Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde gaýtadan döredilmegine hyzmatdaş döwletleri bilen bilelikde işjeň gatnaşýar. 

Ýurdumyzda ýokary derejede sebitleýin we bütindünýä ähmiýetli konferensiýalary we forumlary yzygiderli geçirýär.

Häzirki geçirilýän «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi hem şeýle forumlaryň biridir. Sergä ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigi onuň işiniň başlanan ilkinji minutlaryndan duýuldy. Sergide daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryň, firmalaryň onlarçasy iň gowy üstünliklerini we ýokary hilli önümlerini görkezdiler.

«Türkmentel – 2024» sergisinde ilkinji gezek hödürlenen «Ozon» rus kompaniýasynyň pawiliony hem gyzgalaňly boldy. Kompaniýanyň metbugat sekretary Kristina Topalowa: 

– «Ozon» GDA-nyň iň uly marketpleýsidir. Häzirki wagtda sahypamyzdaky önümleriň görnüşi dürli kategoriýadaky 370 million önümden geçýär. Biziň web sahypamyza girip, dürli önümleri satyn alyp bilersiňiz.

Häzirki wagtda on ýurtda wekilçilik edýäris we ýakyn wagtda Türkmenistanda satuwlara başlarys diýip umyt edýäris. Bu mesele boýunça türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen işewür gepleşikleri geçirýäris – diýip, öz alyp barýan işleri barada gysgaça gürrüň berdi.

«Türkmentel – 2024» sergisi işini dowam etdirýär.