Ï Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

view-icon 2444
Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, ony geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy. Muzeýde maddy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, gölleriň üsti bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak haly eserleriniň ýüzlerçesi görkezilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça örän seýrek duş gelýän haly önümleriniň jemlenmegi muzeýiň el halylaryny gorap saklamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge ýöriteleşen edara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini subut edýär. Häzirki wagtda bu naýbaşy sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda çuňňur gyzyklanma döredip, bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halylarynyň gözelligini we kämilligini açyp görkezýär.

Soňra festiwala gatnaşyjylar halkymyzyň geçmişini we şu gününi şöhlelendirýän sergi, medeni we ruhy mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy gorap saklamak üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Jemleýji günde myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç hem guraldy.

Köpetdagyň eteginde, merkezinde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrynyň belent heýkeli oturdylan medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürendigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz şahyryň halkymyzyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belläp, Magtymgulynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz edip, adamlaryň kalbynda hemişelik orun alandygyny, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornandygyny, türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrülendigini nygtaýar.

Günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň öňüsyrasynda «Dünýä dursun parahat!» atly aýdym ýerine ýetirildi. Ol Türkmenistanyň parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň beýanyna öwrüldi.

Soňra festiwala gatnaşyjylary «Türki medeniýete goşan goşandy üçin» halkara baýragy bilen sylaglamak üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew sahna çykýar.

Şunlukda, «Durna guşy» baýragyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti N.Allaberdiýew mynasyp boldy. Şeýle hem Gazagystan Respublikasyndan «Kazakfilm» kinostudiýasynyň kinorežissýorlar bölüminiň başlygynyň orunbasary S.Tekeýew, Gyrgyz Respublikasyndan artist A.Nazarkulowa, Türkiýe Respublikasynyň «Nilay Production» kompaniýasynyň prodýuser-režissýory E.Konuk, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Kinematografiýa agentliginiň başlygy Ş.Rizaýew türki medeniýete goşan goşandy üçin «Durna guşy» baýragy bilen sylaglandylar. Gyrgyz Respublikasyndan halypa kinematograf M.Musaýew bolsa TÜRKSOÝ-nyň ýörite baýragy bilen sylaglanyldy.

Dabara gatnaşyjylara «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşan dokumental filmler görkezildi. «Iň gowy dokumental film» ugry boýunça 3-nji orna Gazagystanyň «Şemalyň başlaýan ýeri» filminiň döredijilik topary, 2-nji orna Türkiýäniň «Waweýla» filminiň döredijilik topary mynasyp boldy. Bu ugurdaky bäsleşikde 1-nji orna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda surata düşürilen «Äleme belgilidir» filminiň döredijilik topary mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň «Monisto» we Özbegistanyň «Sag baryp, aman gaýdanlar» atly dokumental filmleri «Durna guşy» baýragy bilen sylaglanyldy.

Soňra tomaşaçylar kinofestiwala gatnaşan çeper filmler bilen tanyşdyryldy.

Çeper filmler boýunça «Iň gowy zenan keşbi» baýragyny gyrgyzystanly kinorežissýor Ž.Ozbekowa «Kompozitor» atly filmde iň gowy zenan keşbini ýerine ýetiren, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti D.Meläýewa gowşurdy. «Beýik sähranyň daňy» atly filmde surata düşen, Gazagystan Respublikasyndan teatr we kino artisti D.Urazaýewe «Iň gowy erkek keşbi» baýragyny «Kuruluş Osman» türk kinoserialynyň artisti Al Jelal gowşurdy. «Iň gowy ssenariýa» baýragyna Gyrgyz Respublikasynyň «Ýalňyşlyk 404» atly filminiň döredijilik topary mynasyp boldy. Baýragy Türkiýe Respublikasynyň «Nilay Production» kompaniýasynyň artisti A.Çoban gowşurdy. «Gyrgyzfilm» agentliginiň başlygy A.Bekbolotow «Doktor Sadyk Ahmet» atly filmiň kinorežissýory Ý.Hakana «Iň gowy režissýor» baýragyny gowşurdy.

Soňra «Iň gowy çeper film» ugry boýunça ýeňijiler sahna çagyryldy.

Özbegistan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly filminiň döredijilik topary «Iň gowy çeper film» baýragy bilen sylaglanýar. Filmiň režissýory M.Erkinowa (Özbegistan) hem-de Türkmenistanyň halk artisti Ç.Berdiýewe «Durna guşy» baýragy gowşurylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tagallalary bilen surata düşürilen, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan bu film kino sungatynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändiginiň güwäsidir. Türkmen we özbek kinematograflarynyň beýik söz ussadynyň döredijiligi barada gürrüň berýän bilelikdäki filmi döretmegi halklarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanydyr.

Soňra Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň döredijilik toparyna eminleriň ýörite baýragy gowşurylýar.

Türkmen kinosynyň şöhratly taryhynyň bardygyny bellemek gerek. Kinematograflaryň häzirki nesli bu sungatyň iň gowy däplerini ösdürip, halkymyzy ruhy taýdan kämilleşdirmek, ýaşlary watançylyk we ahlak taýdan terbiýelemek üçin onuň ägirt uly mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga çalyşýar. Täze çeper, dokumental we animasion filmleri döretmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň gönüden-göni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde surata düşürilendigini bellemek gerek.

Türki döwletleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara kinofestiwala gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda uly aladalaryň edilýändigi, netijeli işlemek babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Festiwalda dürli ýurtlaryň kinematografiýa ussatlary tarapyndan döredilen ajaýyp filmler görkezildi. Özüne çekiji we gyzykly filmler hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrülip, türki halklaryň dostlugynyň beýany bolup ýaňlandy.