Ï Alekseý Borodin: Emeli aň milli dillerde gürlemelidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alekseý Borodin: Emeli aň milli dillerde gürlemelidir

view-icon 1038
Alekseý Borodin: Emeli aň milli dillerde gürlemelidir

«Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahatynyň umumy mejlisinde Aragatnaşyk boýunça sebit Arkalaşygynyň (ASA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş direktory Alekseý Borodin eden çykyşynda emeli aňyň milli dillerde ösdürilmeginiň göz öňünde tutulmagyň esasy taraplaryny nygtady.

Ol emeli aň ulgamlarynyň netijeli işlemegi üçin sebitiň özboluşly medeni, durmuşy we taryhy aýratynlyklaryny görkezýän dil galyplarynyň möhümdigini belledi. Sebitimiziň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny göz öňünde tutmak bilen, şunuň ýaly galyplary döretmek milli hökümetler üçin ileri tutulýan ugur bolmalydyr.

Häzirki wagtda aragatnaşyk operatorlary emeli aňy müşderiler bilen gatnaşygyň adaty görnüşleri boýunça goldaw döretmek üçin ulanýarlar. Emeli aň ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogaplary awtomatlaşdyrmak, hyzmatyň hilini gowulandyrmak we özara gatnaşyklary şahsylaşdyrmak üçin ulanylýar, bu bolsa netijede müşderiniň kanagatlanma derejesini we kompaniýalaryň iş netijeliligini ýokarlandyrýar.