Ï «Nokia» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nokia» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

view-icon 1910
«Nokia» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Paýtagtymyzda geçýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisinde we ylmy maslahatynda Finlýandiýanyň «Nokia» kompaniýasynyň sergi diwarlyklarynda hödürlenýän häzirki zaman tehnologiýalary we önümleri görkezilýär.

Kompaniýanyň wekili Aleksandr Begeza häzirki wagtda «Nokia» kompaniýasy, esasan, öýjükli ulgamlar we ykjam, oturymly, giň zolakly hem-de IP ulgamlaryny üpjün edýän telekommunikasiýa enjamlarynyň infrastruktura üpjünçisi hökmünde çykyş edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýän bu kompaniýa, baş aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna gatnaşmagy teklip etmek arkaly biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklaryny artdyrmakçy.

Baş ulgam aragatnaşyk hyzmatlaryny amal edýän ulag telekommunikasiýa infrastrukturasy bolmak bilen, adatça, süýümli optik tehnologiýalara we ýokary tizlikli enjamlara esaslanýar. Ýokary maglumat geçiriş tizligi, hyzmatlaryň ygtybarlylygy we elýeterliligi oňa bildirilýän esasy talapdyr.