Ï «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň myhmanlary özlerinde galan täsirler barada gürrüň berýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň myhmanlary özlerinde galan täsirler barada gürrüň berýärler

view-icon 1969
«Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň myhmanlary özlerinde galan täsirler barada gürrüň berýärler

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwalynyň tamamlanyş dabarasy bolar. Halkara kinofestiwal Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabatda geçýändigini ýatladýarys.

Geçen ýyl Türkmenistan «Gorkut ata» III halkara kinofestiwalynyň nobatlaýyn geçişiniň nyşany bolan «Durna» heýkeljigini aldy. Türkmenistan kino senagatynyň ösmegine, ýurt içinde täze-täze filmleriň surata düşürilmegine we görkezilmegine, film forumlarynyň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagyna uly ähmiýet berýär.

Medeni çäräniň çäginde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Şeýle hem myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerine aýlandylar. Uç günüň dowamynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda, «Watan» we «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmleri görkezilýär.

Sungatyň güýji «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň kalbyny birleşdirýän gudrata öwrülýär. Halkara kinofestiwal halklaryň arasyndaky dostlugy we doganlygy has-da berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine möhüm goşant bolar.

Kinofestiwalyň käbir myhmanlary we oňa gatnaşanlar myhmansöýer Türkmenistanda myhmançylykdan hem-de kinofestiwaldan galan täsirleri barada gürrüň berdiler.

Türkiýe radio we telewideniýe bileleşiginiň (TRT) müdiri Güwen Faruk:

– Biz Türkmenistanda geçýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin geldik. Bu kinoforum öň Stambulda, Bursada we Bakuwda geçirildi. Aşgabada gelenimize gaty begenýäris. Türki halklaryň dürli medeniýetiniň we ruhy ýakynlygynyň ösmegine ýardam etjek bu medeni çäräniň ähmiýeti uludyr. Biz, Türkiýe Respublikasynyň wekilleri hökmünde kino sungatyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmak isleýäris. Bu ýerde geljekde bu ugurda amala aşyryljak giň gerimli meýilnamalary beýleki ýurtlardan gelen doganlarymyz bilen bilelikde gözden geçirdik.

Mundan başga-da, TRT birleşiginiň çäginde iki sany çeper film hödürleýäris. Olaryň birinjisi « Doktor Sadyk Ahmet» filmidir. Doktor Sadyk Ahmediň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli alnan bu film türk halkynyň hukuklary we azatlyklary ugrundaky göreşini giňişleýin beýan edýär. Ikinjisi – Türkiýede iň köp görülýän «Rafadan Taýfa» multfilmi.

Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň guramaçylygyň ýokary derejesinde geçýändigini bellemek isleýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa saglyk, uzak ömür we jemgyýet üçin möhüm işlerde üstünlik arzuw edýäris.

Özbegistanyň «Ramz-film» kinostudiýasynyň ýolbaşçysy, Özbegistan kinorežisýorlarynyň döredijilik birleşiginiň dolandyryş toparynyň agzasy, režissýor Erkinow Muzaffarhan:

– Gündogaryň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» filmimizi Aşgabatda geçýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynda görkezmek meniň üçin uly hormat! Pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek isleýärin. Bu filmiň döredilmeginde iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň ähmiýeti uludyr.

«Magtymguly Pyragy» filmi bilelikdäki toparymyzyň anyk işiniň netijesi boldy. Film bäş aýyň dowamynda Özbegistanda we Türkmenistanda surata düşürildi. Şahyryň durmuşyny has takyk suratlandyrmak üçin 50-den gowrak bezeg toplumy guruldy.

Toparymyz tomaşaçylaryň Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüniň ruhuny duýmagy üçin, takyk şekillendirilen görnetin dünýä döretdi. «Magtymguly Pyragy» çeper filmi diňe bir geçmiş hakda däl, eýsem, medeni we ruhy baýlygymyzy birleşdirýän geljege goşandymyz hakdadyr. Goý, bu film hemmämizi bu gymmatlyklary gorap saklamaga we ösdürmäge ruhlandyrsyn. «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşýanlara we tomaşaçylaryň hemmesine unudylmajak duýgular we çuňňur täsirler arzuw edýärin.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Çingiz Aýtmatow adyndaky döwlet rus drama teatrynyň aktrisasy Anarkul Nazarkulowa:

– Bu meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Aşgabat binagärligi we gurluşygy, medeniýeti we ekologiýasy bilen haýran galdyrýar. Türkmen paýtagty ak mermerli binalardan durýan gür ilatly şäher hökmünde örän täsirli görünýär. Biz şäheriň ajaýyp künjekleri, suw seýilgähleri, täsin zatlary, ösen tehnologiýalardan gurlan ýaşaýyş toplumlary bilen tanyşdyk. Gadymy Änew galasyna we «Seýit Jemaleddin» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördük.

Biz şu ýyl kinofestiwalda «Ýalňyşlyk 404», «Žel Kiýak» we «Ak gämi» filmlerini görkezdik.