Ï Lebaply şalyçylar arzyly pellehanada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebaply şalyçylar arzyly pellehanada

view-icon 1908
Lebaply şalyçylar arzyly pellehanada

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer şalyçy daýhanlary 2024-nji ̶ «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet tarapyndan özleri üçin döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, şalynyň bol hasylyny taýýarlap, ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.

Olar welaýat boýunça şaly ekilen 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonnadan gowrak şaly hasylyny alyp, bu baradaky döwlet tabşyrygyny artygy bilen amal etmegi başardylar. Bu bolsa lebaply şalyçylaryň her gektardan 47 sentnere golaý hasyl alandyklaryny aňladýar. Sebitde şaly ekiljek meýdanlaryň öňünden kesgitlenilmegi, bu möhüm işe tejribeli daýhanlaryň çekilmegi, hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine möwsümiň bütin dowamynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi, ekin meýdanlarynda suwuň zerur bolan derejesiniň saklanylmagy, şeýle hem ekine fosfor hem-de karbomid dökünleriniň öz wagtynda ýeterlik mukdarda berilmegi bol şaly hasylynyň kemala gelmegini üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan şalynyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň bu azyklyk ekiniň bir tonnasyna öňler 900 manat bolanlygyndan şu oba hojalyk ýylynda 1500 manada çenli ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň has-da yhlasly zähmet çekmeklerini üpjün etdi. Welaýat boýunça ýokary netijäniň gazanylmagyna etraplaryň aglabasynda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, hasyllylygy bilen tapawutlanýan şalynyň «Nukus-2» görnüşiniň ekilmeginiň hem özüniň oňyn netijelerini berendigini bellemek bolar.

Lebaply şalyçylaryň arzyly pellehana ýetmeklerinde şertnamalaýyn borçnamalaryny welaýatda ilkinjiler bolup amal eden Halaç, Köýtendag, Kerki, Hojambaz, Çärjew hem-de Dänew etraplarynyň has önjeýli goşant goşandyklaryny bellemek buýsançlydyr. Has takygy häzirki döwre çenli Halaç, Köýtendag we Kerki etraplarynyň döwlete tabşyran şaly hasylynyň mukdarynyň meýilnamada göz öňünde tutulandan has ýokary bolup, 109 göterimden hem aşmaklygy bu ýerlerde işleriň has göwnejaý guralandygyna şaýatlyk edýär. Ýylyň ýylyna şalynyň bereketli hasylyny kemala getirýän Çärjew hem-de Dänew etraplarynyň hasyl ussatlarynyň hem ýokary netije gazanyp, welaýat boýunça zähmet ýeňşiniň gazanylmagyna mynasyp goşant goşandyklaryny belläp geçmek ýerliklidir. Bu etraplaryň şalyçylary şu oba hojalyk ýylynda degişlilikde 3 müň 80 hem-de 2 müň 160 gektar şaly ekilen meýdandan 14 müň 901 we 10 müň 188 tonna hasyl almaklygyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa, döwlet meýilnamalarynyň atlary agzalan etraplarda häzirki wagta çenli degişlilikde 105,98 hem-de 101,49 göterim amal edilendigini aňladýar.

Ýeri gelende welaýatyň Hojambaz we Darganata etraplarynyň hem bellenilen sepgide ynam bilen ýetendiklerini, döwlete şaly tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen amal edendiklerini belläp geçmek bolar. Gündogar sebitiň şalyçy daýhanlary häzirki wagtda hem ýetişdirilen şaly hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Döwlete şaly hasylyny tabşyrmak boýunça ýetilen belent sepgit lebaply daýhanlaryň 2024-nji ̶ «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda çeken zähmetleriniň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.