Ï Önümçilikde ýokary hil derejesi üpjün edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümçilikde ýokary hil derejesi üpjün edilýär

view-icon 2466
Önümçilikde ýokary hil derejesi üpjün edilýär

Sebitlerde amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar ösen talaplara laýyk guralyp, derwaýys pudagyň önümçilik kuwwatyny durnukly üpjün edýär. Bu ugurda tutuş ýurtda bolşy ýaly, Günbatar sebitde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere saldamly goşantlaryny goşýan kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu öňdebaryjy merkez diňe bir dürli önümçilik hyzmatlaryny däl, eýsem, köpugurly elektrik enjamlaryny, olaryň şitleridir gutularyny hem öndürýär. Hyzmat merkezi elektrik enjamlarynyň önümçiliginde, pudaklaryň elektrik- gurnama işlerinde göreldeli zähmet çekýän kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Oňa gelip gowuşýan sargytlar öz wagtynda oňat ýerine ýetirilýär. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Gürrüňi edilýän hususy kärhanada meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurmak, sazlamak, gorag ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnap, ulanyşa tabşyrmak ýaly dürli görnüşli ençeme ýöriteleşdirilen hyzmatlar ýola goýulýar. Şonuň ýaly-da elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir ölçegleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, kuwwatlylygy 35 kilowatdan 110 kilowata çenli elektrik howa geçirijilerini gurnap, sazlap bermek, dizel generatorlaryny abatlamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek işleri hem alnyp barylýar.

Kärhanada howa hem-de ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek işleri Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamalar esasynda berjaý edilýär. Abatlanan enjamlar hem «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň barlagyndan geçirilip, buýrujylara tabşyrylýar.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri batly depginlerde dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemek ugrunda has-da tagallaly zähmet çekýärler. Bu ýerdäki Türkiýäniň “DURMA” we Fransiýanyň «JUANEL» kompaniýalarynyň kämil, kuwwatly enjamlary bolsa her bir ýerine ýetirilýän işde nusgalyk netijeleri gazanmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şu günlerde hem öňdebaryjy hususy kärhananyň ussat işçileridir hünärmenleri dürli ýerlerden gelýän buýurmalary ýokary derejede abraýly berjaý edip, hoşallyklara mynasyp bolýarlar.