Ï Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

view-icon 2710
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we sungatlaryň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, şu günki döredijilik çäresi, bilelikde geçirilen medeni çäreleriň ählisinde bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze ugurlaryny açyp, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm ädimdir.

Soňra bu ýerde özbek sungat ussatlarynyň konserti boldy. Goňşy ýurduň sungat wekilleriniň özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Konsert ýerine ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalar toparynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Özbek sungat işgärleriniň çykyşlary şowhun bilen garşylanyldy. Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa sahna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde 19-njy noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy guralar. Şeýle hem paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti, özbek lybaslarynyň görkezilişi, milli tagamlaryň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar.