Ï Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 1784
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niýaz Çardakliýadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde, ilçi Bosniýa we Gersegowinanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga, döwrebap düzümleri kemala getirmäge, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara aýratyn üns çekildi. Şeýle-de ilçi amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň alyp barýan köpugurly işi we düzümi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikler barada durup geçen diplomat iki ýurduň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýaz Çardakliýa döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Bosniýa we Gersegowina bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidiumy jenap Niýaz Çardakliýany Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldi. Jenap Niýaz Çardakliýanyň şahsy häsiýetleri özüne ynanylan ýokary wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize uly hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.

Denis Beçirowiç,
Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy.