Ï Türkmenistan daşary syýasatynyň maglumat goldawyny kämilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan daşary syýasatynyň maglumat goldawyny kämilleşdirýär

view-icon 1496
Türkmenistan daşary syýasatynyň maglumat goldawyny kämilleşdirýär

Bitarap Türkmenistanyň parahatlyk söýüji, ynsanperwer we döredijilikli daşary syýasatynyň we konstruktiw halkara başlangyçlarynyň özenini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek islegi daşary syýasat işiniň maglumat goldawyny kämilleşdirmek boýunça ädilýän birnäçe yzygiderli ädimlerde öz beýanyny tapýar.

Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi edarasynyň çäginde Daşary syýasat maglumaty we sanly diplomatiýa bölümi döredildi. Bölümiň esasy maksady häzirki zaman gurallaryny we usullaryny, jemgyýetçilik diplomatiýasyny, şeýle hem täze maglumat we aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly daşary syýasatda maglumat çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr.

Bu maksada ýetmek ugrundaky täze başlangyçlar we teklipler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni bolup geçen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatlary barada maglumat ýaýratmakda ýurduň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ornuny göz öňünde tutmak bilen, käbir ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Bu çäre daşary ýurtlarda maglumat işjeňligini güýçlendirmäge we oňa yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy we amaly žurnalyň hem ýöriteleşdirilen daşary ýurt neşirleriniň işini sazlamak üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmak we žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda hasaba aldyrmak teklip edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň çäginde sanly maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak üçin çäreler görülýär. Sanly pudakdaky işleri we ösüşi artdyrmak hem merkezleşdirmek üçin bu ugurda ýöriteleşen türkmen ýaşlarynyň barha artýan mümkinçiligine daýanyp, dünýä tejribesine esaslanýan «Sanly integrasiýa» atly ýörite zolak döretmek teklip edilýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň maglumat goldawyny güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan giňişleýin işde halkara guramalar, ilkinji nobatda-da, BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär we bu ugurda BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyk bölümi bilen özara gatnaşygy ýola goýmak teklip edilýär.