Ï Zeýtun hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zeýtun hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 2514
Zeýtun hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi miweli baglary ösdürmek bilen giňden meşgul bolýar. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyk ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy, ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bitginli hasylyny ýygnamakda, olary sebitiň ak bazarlaryna elýeterli nyrhlardan çykarmakda mynasyp işler alnyp barylýar. Elbetde, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny her bir welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk ylmy esasda we öňdebaryjy tejribelere laýyk guramak, ýerlerde beýleki ekinler bilen birlikde miweli baglary ösdürip ýetişdirmek baradaky paýhasly çözgüdinden ruhlanan ussat telekeçi beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Gyzylbaýyr göwnüň açar...» diýip wasp eden bu jenneti künjeginde ösdürip ýetişdirýän baglaryna göwnejaý ideg edip, bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär.

Häzirki wagtda başarjaň, guramaçy telekeçiniň ajaýyp künjekdäki zeýtun agaçlarynyň sany hem 2100-e ýetýär. Bu ýerde 2016-njy ýylda oturdylan ýaş nahallaryň 500-e barabar düýbi Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylynda datly miwelerini bolluk bilen eçilýär. Zeýtunyň her düýbünden häzir ortaça 30-40 kilogram hasyl ýygnalýar. Ýyl geldigiçe hem hasyl ýokarlanyp, bir düýpden 80 kilogram hasyl alynýar. 

Bagçylyk bölümlerinde 2019-njy ýylda ekilen 1600 düýp zeýtun agajy şu ýyl ilkinji gezek şirin miwelerini berýär. Möwsümiň ahyryna çenli-de bu ýerden 10 tonna zeýtun hasylyny ýygnamak maksat edinilýär. 

Tejribeli telekeçiniň welaýatyň ak bazarlarynda sarp edijilere ýetirýän, şeýle-de ekologiýa taýdan arassalygy, tagamlylygy, ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun miweleriniň möçberi bu gün has artýar. Esasy zat hem zeýtun miweleriniň dünýäniň islendik künjeginde ýetişdirilýän miweler bilen ähli babatda bäsleşip biljekligidir. Suwsuzlyga-da çydamly agaç bolup, ýylyň ähli möwsüminde hem gök öwsüp oturýar. 

Etregiň subtropik howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bu baglar dünýäniň beýleki ýurtlaryndaka garanyňda, 40-45 gün öň hasyl berip başlaýar. Onuň ýaglylygy 10-15 göterim ýokarydyr. Zeýtun iýýän adamyň endamynyň öýjükleri dikelýär. Aşgazanda ýara, böwrekde daş bolsa hem zeýtun iýmek maslahat berilýär. Ol ýürek-damar keselleriniň howpuny azaltmakda-da peýdalydyr. 

Lukman alymlarynyň aýtmagyna görä, onuň süýnmek görnüşli miwesiniň 70 göterimini ýag tutýar. Düzüminde hem adamyň beden agzalary üçin diýseň gymmatly melhemler jemlenendir. Aýratynam, onuň bişen miwelerinden alynýan ösümlik ýagy dünýädäki ähli görnüşli ýaglardan tapawutlanýar. Ähli keselleriň garşysyna berhiz saklamakda, şeýle-de islendik nahar taýýarlananda onuň ýakymlylygy, ýokumlylygy babatda zeýtun ýagy bilen başga hiç bir ýag bäsleşip bilmez. Bu ýag bedende dörän näsazlyklary kadalaşdyrýar. Şeýdibem, ol ýagyň peýdasy saglyk üçin diýseň derwaýys ähmiýetlidir. Galyberse-de, ösümlik ýaglarynyň içinde iň köp witamin zeýtun ýagynda bolýar. 

Täsin miwe hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem aýratyn nygtalyp geçilýär. 

Müň bir derdiň dermany bolan zeýtun ýagy derman, dokma, azyk, parfýumeriýa senagatynda hem-de ýokary hilli maldarçylyk, balyk önümlerini taýýarlamakda, şeýle-de sabyn, lak, reňk-boýag kärhanalarynda gymmatly çig mal hatarynda durýar. 

Zeýtun agajynyň 700-den 1200 ýaşa çenli, käbir maglumatlara görä-de 2000-2500 ýaşamagy tebigydyr. Geň ýeri-de, zeýtun agaçlary şeýle uzak ýaşasalar-da hasylyny kemmeýärler, hiç wagt gymmatyny ýitirmeýärler. 

Taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, dünýäniň köp muzeýlerinde zeýtun agajyndan ýasalan önümler saklanýar eken. Şol sowgatlyk şekilli önümleri öýde saklamagam peýdaly hasaplanypdyr, olar maşgalada agzybirligi saklamaga, ýaman gözden, dilden goramaga kömek edýär diýen yrym hem bar.

«Sogap agajy» saýylýan zeýtunyň bähbitli, ähmiýetli aýratynlyklary kändir. Şeýle agajy ösdürip ýetişdirmek, halkymyzyň rysgal-berekedine mynasyp goşant goşmak sogap işdir.