Ï Ýaş suratkeşler üçin «Deňiz» temasyndan konsert berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş suratkeşler üçin «Deňiz» temasyndan konsert berildi

view-icon 287
Ýaş suratkeşler üçin «Deňiz» temasyndan konsert berildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Sungatlaryň çatrygynda» taslamasynyň çäklerinde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internadyň mugallymy Ahmat Abaýewiň we onuň okuwçylarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Konsertde «Deňiz» temasyndan dürli kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Ýaş suratkeşler üçin Bethoweniň «Triosy», Rimskiý-Korsakowyň «Arynyň uçuşy», Nury Halmämmedowyň «Gyzyl leglekler tansy», ýaş kompozitor Tylla Şirowanyň goboý we fortepýano üçin «Hasardagy» pýesasy we beýleki eserler ýaňlandy.

Ýaş suratkeşler saz çalynýan çagy işleriň garalamasyny etmek üçin konserte elleri kagyzdyr galamly geldiler. Olar bu eskizlerini öýünde gutarnykly işläp «Saz çalnanda dörän žiwopis surat» bäsleşigine hödürläp bilerler. Surat çekmek üçin islendik usuly – guaş, akwarel, galam, syýa, kömür ýaly usullardan peýdalanyp bolar.

Konsertden başga-da, bu gün çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň we şaý-sepleriniň sergisi hem guraldy. Sergide görkezilen işleriň hemmesi tematiki saz we sungat bilen baglanyşyklydyr. Bu üýtgeşik taslamanyň awtorlary kompozitor hem galamgär Aýna Şirowa we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar sungat mekdebiniň müdiri Öwezgeldi Ýagmyrowdy. Ýaş sazandalar we suratkeşler bu çärä uly gyzyklanma bildirdiler.

Geljekki suratkeşler saz eserleri üçin minnetdarlyk hökmünde sazçylyk mekdep-internatynyň myhmanlaryna öz mekdebini görkezdiler we Bäşim Nuralynyň muzeýi bilen tanyşdyrdylar.