Ï Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Seulda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Seulda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 1360
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Seulda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna (CAREC) agza ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Çäre Aziýa Ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada müşderilere iň gowy hyzmat edýän iň gowy gümrük» taslamasynyň çäklerinde Günorta Koreýanyň Seul şäherinde geçirildi. Taslama CAREC agza ýurtlarynyň halkara söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek islegini, şol sanda serhetüsti kagyzsyz söwda Ylalaşygyny, Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasyny goldamaga niýetlenendir. Koreýaly hünärmenler gümrükhanada täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşdylar.

Hususan-da, olar serhetüsti kagyzsyz söwda boýunça tehniki-ykdysady esaslandyryşyň usulyýeti bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar serhetüsti sanly söwdanyň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar, gümrük gözegçiligini ýeňilleşdirmek we Koreýa bilen gyzyklanýan CAREC agza ýurtlarynyň arasynda ählumumy söwda ýardam etmek boýunça strategiki çärelere garadylar.