Ï Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

view-icon 2110
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy. Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir.

Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri boýunça deňsiz-taýsyz hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýadyny we ony geljekde ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge, ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmäge ukyply gaýtadan işleýän pudagy kemala getirmäge gönükdirilendir.