Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Merdana nesil-2024» bäsleşigi geçirildi.
Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň goldamagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýaşlar guramasy gurady.
Türkmen halkynyň watanperwerlik we ruhy mirasy temasyna bagyşlanan bu bäsleşik okuwçylaryň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezýän şanly waka boldy. Çäre üç tapgyrdan ybarat boldy, olaryň her biri çagalara dürli ugurlarda öz zehinini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.
Birinji tapgyr çeper söze bagyşlandy: oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň edermenligini we Watana söýgini wasp edýän eserleri okadylar. Gysgajyk gülkünç sahnaly ikinji tapgyr bäsleşigi has gyzykly edip, onuň şadyýan ruhuny artdyrdy. Jemleýji – üçünji tapgyrda bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Bäsleşige gatnaşanlaryň çykyşlaryna Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşlar guramasynyň wekillerinden, şeýle hem tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat abraýly eminler topary baha berdi.
Netijede: 1-nji orny Aşgabat şäherindäki 124-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Döwrangeldi Döwletgeldiýew; 2-nji orny Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Emir Nurmyradow we 3-nji orny Aşgabat şäherindäki 131-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ýakup Çaryýew eýelediler.
«Merdana nesil-2024» bäsleşigi çagalaryň kalbyny öz ýurduna buýsançdan we ylhamdan doldurýan hakyky baýrama öwrüldi. Ol diňe bir çärä gatnaşyjylaryň döredijilik ukyplaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň ýokary ideallara wepalydygyny hem görkezdi.