Ï Nakgaş Möjek Çaryýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nakgaş Möjek Çaryýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi

view-icon 1839
Nakgaş Möjek Çaryýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli nakgaşyň işleriniň şahsy sergisi geçirildi.

Sergi merkezinde ýygnanan dostlary, kärdeşleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, şeýle hem Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Möjek Çaryýewiň döredijiligine uly gyzyklanma bildirdiler. Meşhur aýdymçy Myrat Diwanaýew birnäçe aýdym aýtmak bilen suratkeşiň doglan gününi mübäreklemek dabarasyna goşmaça baýramçylyk ruhuny goşdy.

Suratkeş Aleksandr Kaşirskiý Möjek Çaryýewiň keşbi çekilen medal ýasady. Ýene bellenmeli bir ýagdaý sergi merkeziniň işiginiň öňünde Möjek Çaryýewiň çotgasyndan dörän multfilmleriň we ertekileriň gahrymanlary şekillendirilen diwarça goýlupdyr.

Möjek Çaryýew dürli özboluşly we žanry bilen myhmanlary geň galdyran 115 işini görkezdi. Suratkeş multfilmlerinden eskizleri görkezip, myhmanlara ýurdumyzda ilkinji çekilen «Böwenjik» multfilminiň awtorydygyny ýatlatdy, şonuň üçinem oňa köplenç türkmen multfilmleriň atasy diýilýär.

Möjek Çaryýew medeniýetimize türkmen halk ertekileriniň ajaýyp suratçysy hökmünde girdi. Onuň gahrymanlary şadyýan we özüne çekiji oglanjyklar we gyzjagazlar, şeýle hem naşyja erteki haýwanlarydyr. Olary şeýle döretmek üçin gaty açykgöwünli adam bolmaly. 

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri sungaty öwreniji Azat Annaýew suratkeş hakda şeýle diýýär: 

– Žiwopisi boýunça Möjek Çaryýew realist, ýöne ol realistik ugurdan abstraksiýa aňsat geçip bilýänlerden. Sergidäki işlerden – «Şäher säheri», «Gyzyl gün» we beýleki işleri onuň abstraksiýa höwesini görkezýär. Möjek Çaryýew köpugurly suratkeş. Ýeri gelende aýtsak, çalt portret çekmegiň ussady, ol sungat bazaryna höwes bilen baryp, şol ýerde birnäçe minutda portretini almak isleýänler onuň ýanyna nobata durýarlar. 

Onuň döredijiliginde manzaralar aýratyn orun tutýar. Möjek Çaryýewiň manzaralaryna syn etseň, olardan çykýan asuda we sadaja owaz gelýändir. 

Möjek Çaryýew häsiýeti boýunça durmuşynda gowy taraplary nähili görmelidigini bilýän, ol suratlarynyň durmuşa höwesi bilen tomaşaçylary özüne çekýär, muňa sergide görkezilen işleri hem şaýatlyk edýär.