Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Hytaýda geçýän önümleriň goralýan geografik görkezijileriniň halkara sergisine we import edilýän azyk hem oba hojalyk önümleriniň halkara sergisine gatnaşyp bilerler.
Sergi 26–28-nji sentýabr aralygynda Hytaýyň Çžeňçžou şäherinde geçiriler. Bu, kepillendirilen oba hojalygy we azyk önümlerini hödürlemek üçin özboluşly ýerlikdir. Sergi, şeýle hem hytaýly we beýleki ýurtly kärhanalaryň arasynda maýa goýumlary boýunça gepleşikler, söwda we ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin platforma döreder.
Sergä gatnaşmaga döwlet düzümleri, pudaklaýyn assosiasiýalar we ýöriteleşdirilen kompaniýalar çagyrylýar. Şeýle hem Türkmenistandan gelen wekiller PGIE&CIFA-nyň çäginde geçirilýän iş forumlaryna, gepleşiklere we beýleki çärelere gatnaşyp bilerler.