Ï Ter kömeleklere islegler barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ter kömeleklere islegler barha artýar

view-icon 1889
Ter kömeleklere islegler barha artýar

Şanly wakalara, taryhy ähmiýetli dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalary bolup durýan degişli önümçilik düzümleri hem gürrüňi edilýän derwaýys ugurda möhüm işleri bitirýärler. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasyndaky ýyladyşhanada ýetişdirilýän tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply kömelekler hem oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň agzalary tarapyndan taýýarlanýan üýtgeşik iýmitlik nygmatlar sarp edijileriň uly isleglerine mynasyp bolýar.

Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýyladyşhanadan indi ýedi ýyl bäri bol hasyl alynýar. Kömelekleriň birnäçe görnüşini ýylyň islendik paslynda ösdürip ýetişdirmek üçin bu ýerde Hytaý, Ýaponiýa ýaly ösen ýurtlardan satyn alnan iň kämil tehnologiýalar ýerlikli peýdalanylýar. Zerur bolan agrotehniki çäreleriň hemmesi awtomatlaşdyrylan usullarda ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň islegli, geçginli önümleri ýurdumyzyň ak bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýär. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokumlylygy, täsin nygmatlygy bilen tapawutlanýan kömelekleriň gündelik ýygnalyp duran bereketli hasyly sarp edijilere terligi bilen ugradylýar.

Tejribeli hünärmenler alyjylaryň ösen isleglerini içgin öwrenýärler. Şeýle bolansoň ýygnalyp alynýan kömelek hasylynyň köp möçberi aýna gaplarda gaplanan görnüşde taýýarlanylýar. Şeýle-de ýakyn geljekde öndürilýän kömelekleri, amatly aýna gaplardaky berekedi egsilmeýän kömelek önümlerini daşarky bazarlara çykarmak meýilleşdirilýär.