Ï Türkmen gümrükçileri gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň we amatlaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen gümrükçileri gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň we amatlaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

view-icon 2136
Türkmen gümrükçileri gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň we amatlaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan guralan maslahat harytlaryň gümrükde resmileşdirmegi we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagy bilen baglanyşykly maglumatlaryň elektron akymyny gowulandyrmak barada boldy.

Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyryş bölüminiň işgärleri gatnaşdy.

Bu çäre gümrük taýdan resmileşdirmek işi bilen baglanyşykly elektron maglumat akymyny kämilleşdirmek, şeýle hem söwdany gowulandyrmak we «Bir penjire» ulgamyny ösdürmek üçin gümrük amallaryny hem elektron hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda we awtomatlaşdyrmakda gümrük edaralaryny goldamaga gönükdirilipdi.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanda elektron gümrük beýanlarynyň ulanylyşyna, elýeterli IT ulgamlaryna we emeli aňy ulanyp işledilýän ulgamlaryna, olaryň beýleki ulgamlar bilen «Bir penjire» ulgamyna birleşme derejesine, şeýle hem elektron hyzmatlaryň ulanylyş derejesine aýratyn üns berildi.

Maslahatyň netijesinde Latwiýanyň Döwlet girdeji gullugynyň gümrük bölüminiň bilermenleri Olga Wikaýne we Marianna Asoýewa gümrük beýanat ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, şeýle hem gümrük amallaryny amatlaşdyrmak üçin teklipler berdiler.