Ï Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 212

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman «ÝHHG-nyň çäginde parlament diplomatiýasy: Dialog - abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy, ykdysady-ekologiýa we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Bu ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar bitarap Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ykdysady ösüşiň bähbidine energetika howpsuzlygynyň we durnukly ulagyň häzirki zaman arhitekturasyny ösdürmäge ygrarlydygyny nygtadylar.

Hususan-da, Türkmenistan Owganystanyň iň ýakyn goňşy döwleti bolmak bilen, dostlukly ýurtda syýasy we ykdysady durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär hem-de jemgyýetçilik maksatly desgalarynyň muzdsuz gurluşygynda yzygiderli ýardam berýär.

Şeýle hem ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da sebitiň parlamentarlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar howpsuzlygy, energetikanyň ösdürilmegini, şeýle-de ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek üçin umumy tagallalary utgaşdyrmagyň derwaýysdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, adam hukuklaryny goramak ugrunda tejribe alyşmak, demokratik institutlaryny pugtalandyrmak we kanunyň hökmürowanlygy babatynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.