Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalary giriziler.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hem-de ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, deputatlaryň ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary hakynda habar berildi. Deputatlar döwlet syýasatyny we maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini giňden wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň “Karz edaralary we bank işi hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank işiniň ugurlaryna we maliýe töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi we onuň hyzmatlaryny giňeltmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, geljek ýyl üçin hasylyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek babatda degişli işler geçirilýär. Ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm işlerini geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreler ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny, gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Köçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesi — ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde esasy üç ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine garamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary we degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”; BMG-niň agentlikleriniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki maksatnamasynyň; “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”; Howanyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalarynyň taslamalary bar.
2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilelikde taýýarlan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny» maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezine, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen bagly döwletimiziň üstünliklerine, şol sanda zerur bolan maglumatlary alyşmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan hasabatlary ýurdumyzda durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumatlar bilen üpjün etmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen maksatnamalaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine geňeşiň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, raýat awiasiýasynyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigini aýtdy. Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli Liderimizi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.