Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 1529
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady.

Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň şu ýylyň martynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilendigini bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji guramasydyr. Onuň düzümine belli jemgyýetçilik işgärleriniň hataryndan bellenilýän Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hormatly ýaşululary girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu düzümiň agzasydyr.

Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleri hem Budapeşte geldiler. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda mejlise gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym duşuşygy açyp, ýygnananlara geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

TDG-niň işinde bu düzümiň möhüm ornuna aýratyn üns berilýär. Onuň çäklerinde türki döwletleriň arasynda köpugurly netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şol mejlisde öňe sürlen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň ähmiýeti nygtaldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma we geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny belledi.

Şu gün biz ýurtlarymyzyň Liderleriniň öňe sürýän wajyp meselelerinden ugur alyp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzy ara alyp maslahatlaşýarys. Türki dilli döwletleriň Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şundan ugur alyp, bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmegiň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasaty durmuşa geçirilmelidir.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we ýurdumyzyň bu ugurda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam etdirmegi maksat edinýändigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin geňeşiň agzalary bolup döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlensek we şol teklipleri durmuşa geçirsek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Söwda-ykdysady ugurda entek ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar. Bu mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynda-da geňeşiň agzalary uly orny eýelemelidirler diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Arkadagymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasynyň, milli aýdym-saz sungatymyzyň şu güne çenli bizi has-da ýakynlaşdyryp gelýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, geňeşiň ähli agzalaryna hem-de doganlarymyza bu ugurdaky gatnaşyklara ýardam berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bilşiňiz ýaly, Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirildi. Bu mejlis Oraza aýyna gabat geldi. Biz bilelikde, bir saçagyň başynda ýagşy işleriň rowaç bolmagyny dileg etdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we şu ýylyň dowamynda gowy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Siziň ak pataňyz bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdik. Siziň goldamagyňyz esasynda şu ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Taryha ser salsak, Änew Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ösen şäherleriň biri bolupdyr. Bu şanly wakalar mynasybetli türki döwletleriň gatnaşmagynda birnäçe halkara çäreler ýokary derejede geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şunuň bilen baglylykda, geňeşiň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi. Şunda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu başlangyjy türki dünýäniň ýurtlary ilkinjileriň hatarynda goldadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýip, Milli Liderimiz nygtady we geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar.

Halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna — 63 ýaşa ýeten adamlar “hormatly ýaşuly” diýlip atlandyrylýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we geljekde geňeşi “Ýaşulular geňeşi” diýip atlandyrmagy hem-de şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu düzümiň “Hormatly il ýaşulusy” diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini belläp, geňeşiň halkara derejedäki gurama diýlip ykrar edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we geňeşiň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip etdi. Men sözümiň şu ýerinde “Zaman” gazeti barada bellemek isleýärin. Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Men çykyşymyň dowamynda Magtymguly Pyragy barada belläp geçdim diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýaňy-ýakynda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurlandygyny belledi. Bu seýilgähde türki dünýäniň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem oturdyldy. Şolaryň hatarynda türk halkynyň söz ussady Ýunus Emräniň, özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň, wenger halkynyň milli şahyry Şandor Petefiniň heýkelleri bar. Şunuň bilen birlikde, Aşgabatda gazak halkynyň filosof şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkeliniň oturdylandygyny bellemek isleýärin. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Türki dilli ýurtlaryň elipbiý meselesine üns çekilip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap häzirki elipbiýini döwlet dolandyryş işinde, gündelik durmuşda we döwlet dilinde hem ulanyp gelýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň, onuň Aksakgallar geňeşiniň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldajakdygyna ynandyryp, mejlise gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Ýygnananlaryň umumy pikirine görä, Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda öňe sürlen teklipleriň, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi gurama agza döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem nobatdaky mejlisiň geçiriljek ýeri baradaky meselä garaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Budapeştiň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.