Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 2211

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri az kükürtli ýangyç mazutyny, yşyklandyryş kerosinini, suwuklandyrylan gazy (“Türkmennebit” döwlet konserni) hem-de karbamidi (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň telekeçilerine el halylary, nah ýüplügi we portland sement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni we binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, portland sementi, gaplama plýonkany, nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 222 müň 870 dollary we 15 million 362 müň manatdan gowrak boldy.