Ï Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Ynsap» spektakly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Ynsap» spektakly

view-icon 1834
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Ynsap» spektakly
camera-icon
Ahmet Taňrygulyýew

Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk gününe gabatlap Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Ynsap» pýesasy esasynda aýdym-sazly gülküli sahnasyny taýýarlady.

Spektaklyň režissýory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow. Spektakl türkmen halkynyň arasynda meşhur dogruçyl päk ýaşaýan çopanyň ýanyna pygamber gelip, oňa bagt berýändigi barada tymsal esasynda döredilipdir. «Ynsap» pýesasynda çopan düýşünde pygambere duşýar. Maşgala agzalarydyr goňşulary muny eşidenden olaryň çopana garaýşy derrew üýtgeýär. Spektakl baýlygyň adam üçin synagdygy hakda gürrüň berýär. Çopanyň ogullary we gelinleri oňa ýaranjak bolup her zat ederler, ýöne pälleri başa barman, pygamberiň özi bilen duşuşmak we baýamak üçin dürli hile-pirime baş urarlar.

Gowşutgeldi Ýagdyýewiç öz pýesasy barada şeýle gürrüň berdi:

– «Ynsap» spektakly diňe bir şadyýan, gyzykly we gülküli sahna bolman, eýsem, öwüt-ündew häsiýetlidir. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň we Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerini teatr orkestriniň spektakl wagty ýerine ýetirmegi oýnuň täsirini has-da güýçlendirýär. Spektaklyň gahrymanlarynyň aýdymlarydyr tanslary oňa has gowy bezeg berýär. Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk gününde tomaşaçylara görkeziljek «Ynsap» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bolar. Baş keşbi çopanyň roluny Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Ataýew ýerine ýetirýär.