Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

view-icon 853

Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Mälim bolşy ýaly, bu ýyl Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Bu üstünlikler, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalar halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar, Bitarap Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Umuman, taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleri üstünlikli geçirildi. Şeýle hem gazna birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömeklerini iberdi.

Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Indiki ýyl, nesip bolsa, biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny halkara derejede giňden belläp geçeris. Goý, biziň parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetlilik däplerimizi dabaralandyrjak 2025-nji ýyl döwletimize üstünlik, halkymyza bagtyýarlyk, dünýä halklaryna dost-doganlyk, Ýer ýüzüne parahatçylyk getirsin!

Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden gözbaş alýar.

Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Şu ýylyň özünde paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýatlarda saglyk maksatly birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň aýdyň beýanydyr. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň uly işleri durmuşa geçirýändigini, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürýändigini aýratyn belläp geçesim gelýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde möhüm orna eýedir. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Biziň halkymyzyň çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar. Türkmenleriň islendik ýagdaýda hem çagalara mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr. Şoňa görä-de, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýar. Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Nesip bolsa, bu sahawatly işlerimizi geljekde-de dowam etdireris.

Amala aşyrýan bu işlerimiz çagalarymyzyň we agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Bu işler türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň abadan durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede hem ýokary baha berilmegi ýurdumyzda howandarlygyň we çagalara mähribanlygyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary watançylygy, ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde size uly üstünlikleri arzuw edýärin.