Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 680 müň dollaryna golaý boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 680 müň dollaryna golaý boldy

view-icon 1725

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürlerine dokma önümleri, ýod ergini, nah ýüplük hem-de nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 680 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, garyşyk parafin gaçy we nebit bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem el halylaryny, nah ýüplügi, çig ýüpegi we beýlekileri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 154 million 257 müň manatdan gowrak boldy.