Ï Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody iş ýylyny üstünlikli tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody iş ýylyny üstünlikli tamamlaýar

view-icon 1702

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawody ýyly gowy netijeler bilen tamamlaýar. Kärhanada ýokary depginli iş yzygiderli alnyp barylýar.

On bir aýyň meýilnamasy ähli esasy görkezijiler boýunça ýerine ýetirildi. Bu döwürde 34 müň 629 kub metr ýygnama demir-beton öndürildi, munuň özi bellenilendäkiden artykdyr. Önümçiligiň şeýle möçberi ýyllyk tabşyrygyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine umyt döredýär.

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän ykdysady taýdan durnukly kärhanalaryň biridir. Kärhana her ýyl dürli demir-beton konstruksiýalarynyň öndürilmegine we welaýatyň gurluşyk pudagynyň bu önümler bilen üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Birnäçe ýyl mundan ozal geçirilen döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň netijesinde kärhananyň sehlerinde köp mukdarda ýokary hilli önüm öndürmäge we zerur bolsa olaryň gerimini täzelemäge mümkinçilik berýän häzirkizaman, ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.

Kärhananyň ýöriteleşdirilen bölümleri döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirkizaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýar.