Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 590

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz Watanymyz oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup, parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybarat bolup, şunda daşary döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlar hökmünde çykyş edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň iki gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejede at-abraýynyň ýokarydygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däpleriniň mazmunynyň Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen hem ajaýyp sazlaşygy döredýär. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi, köp döwletleriň olara awtordaş bolup çykyş etmegi Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak syýasatynyň dünýäde doly goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem Türkmenistanyň hoşniýetli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň goňşy hem-de alysdaky ýurtlara amala aşyrýan saparlaryňyz ýurdumyzyň halkara syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we dünýäde halkara hyzmatdaşlygyň, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da çuňlaşdyrylmagyna goşant goşýar.

Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmagy, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde uly ruhubelentlikde bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.