Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 999

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny milli baýram — ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlugyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýär. Biz Siziň öňdengörüjilikli daşary syýasatyňyzy, sebit durnuklylygyny üpjün etmek, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryňyzy goldaýarys.

Tamamlanyp barýan ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze taryhy sepgitlere ýetendigimizi, geljekde-de ýokary derejedäki dialogy işjeňleşdirmek arkaly strategik hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmäge ukyplydygymyzy kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Bar bolan köpugurly mümkinçiliklerimize, uzak möhletleýin gatnaşyklarymyza laýyklykda, doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygymyzyň has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belarus Respublikasynda Siziň baştutanlygyňyzda yzygiderli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ýokary baha berilýär. Bu syýasat sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine, dostluk we ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýörelgeleriniň berkidiljekdigine ynanýaryn. Munuň özi döwletlerimiziň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

BMG-niň Baş Assambleýasy 29 ýyl mundan ozal Türkmenistany dünýäniň täze taryhynda ilkinji hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etdi. Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki wagtda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Siziň parasatly syýasy çözgütleriňiz, tutanýerliligiňiz, ýadawsyz zähmetiňiz netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp wezipeleriniň çözgüdine milli aýratynlyklary, öňdebaryjy çemeleşmeleri utgaşdyrýan kuwwatly we gülläp ösýän döwletiň nusgasy bolup durýar.

Sankt-Peterburgda Türkmenistan bilen özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dostluk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär. Siziň ýurduňyz bilen işewürlik, ynsanperwer ugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek biziň ileri tutýan wezipelerimiziň hatarynda durýar.

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Sizi Newa derýasynyň kenaryndaky şäherde görmäge hemişe şatdyryn.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Beglow,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy bilen gutlamaga rugsat ediň!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Merkezi Aziýada durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň geljekde-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürjekdigine ynanýaryn. Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan däp bolan ynanyşykly, dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine umyt edýärin.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor Babuşkin,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.