Ï Türkmen hünärmenleri Halkara kitap forumyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri Halkara kitap forumyna gatnaşdylar

view-icon 1001
Türkmen hünärmenleri Halkara kitap forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleri ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň çagalar we ýaşlar kitabynyň «Çagalar edebiýatynyň dilinde: çagalar edebiýaty we okama pudagyndaky hyzmatdaşlyk» atly II Halkara kitap forumyna gatnaşdylar.

Ol GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy Döwletara gaznasynyň, çagalary kitap okamaga imrindirmek boýunça «Okyjy ösdürip ýetişdirýäris» atly Medeniýet, sungat we aň-bilim birleşmesiniň goldawy bilen Russiýanyň Moskwadaky Döwlet çagalar kitaphanasynda geçirildi.

Forumyň maksady çagalar edebiýaty we okaýyş pudagy boýunça hünärmenleriň arasynda medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek, GDA ýurtlarynda çagalaryň okaýyş infrastrukturasynyň netijeliligini we ösüşini ýokarlandyrmak, çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň orny we täze mümkinçilikleri barada pikir alyşmak hem-de çagalary kitap okamaga imrindirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde tejribe alyşmakdyr.

Çärä sekiz ýurtdan çagalar edebiýaty we okaýyş boýunça hünärmenler gatnaşdy, olar her ýurtda çagalaryň we ýaşlaryň okamagyny goldamak we ösdürmek boýunça geçirilen çäreleriň netijelerini we geljegini görkezdiler, çagalar edebiýaty pudagynda we bilim taslamalaryny we işlerini durmuşa geçirmekde üstünlikli tejribelerini paýlaşdylar, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şeýle hem foruma medeniýet we bilim pudagyndaky öňdebaryjy hökümet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, GDA agza ýurtlaryň ýazyjylary, suratkeşleri we terjimeçileri gatnaşdy. Forum «tegelek stollary», ýazyjylar we suratkeşler bilen duşuşyklary hem-de sergileri öz içine aldy.