Ï «Dünýä halklarynyň medeniýeti»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dünýä halklarynyň medeniýeti»

view-icon 1098
«Dünýä halklarynyň medeniýeti»

Ine, şeýle at bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO kafedralarynyň we toparlarynyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guran festiwaly üstünlikli geçdi. Çäreden ozal myhmanlar we oňa gatnaşyjylar dünýä suratkeşleriniň çeper portretleriniň we heýkelleriniň sergisi bilen tanyşdylar.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa festiwala gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi, ol bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen çäreler barada gürrüň berdi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa hem goşuldy. Ol, şeýle hem ÝUNESKO-nyň birnäçe ýyl bäri ýurtda işleýän kafedralarynyň we toparlarynyň alyp barýan işleriniň üstünlikleri barada jikme-jik durup geçdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden B.Diwangulyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan O.Berdyýew we M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden M.Berdyýew gyzykly çykyşlar etdiler. 

Çäräniň ahyrynda Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri myhmanlaryň we oňa gatnaşyjylaryň öňünde konsert bilen çykyş etdiler. 

Jennet Halmyradowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işgäri.