Ï Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1058
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň mugallymlary bilen onlaýn duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistanyň gümrük edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda işgärleri taýýarlamak boýunça 2022-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek barada Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. 

Taraplar bilim tehnologiýalaryny we okuw usulyýetlerini alyşmak, hünär ýokarlandyryş boýunça özara okuwlary guramak meselelerine garadylar. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar hünär ýokarlandyryş boýunça özara okuwlary guramak, harytlary beýan etmek we kodlaşdyrmak boýunça sazlaşdyrylan ulgamy ulanmak arkaly Özbegistanyň tejribesini öwrenmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin degişli maslahat guramak başlangyjy öňe sürüldi.

Duşuşygyň jemi boýunça taraplar 2025-nji ýyla Çäreler meýilnamasyny we onlaýn maslahatlaryň ýyllyk meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdylar.