Geçen hepdäniň dowamynda Britaniýanyň «Blue marine» guramasynyň wekilleri – Judit Braun we Laýnas Swolkinas Türkmenistanda boldular. Olar türkmen hünärmenlerine Hazar düwlenini, losos, bekre balyklaryny we deňiz suw guşlaryny hem-de kenar guşlaryny goramagyň usulyýetini teklip etdiler. Olaryň tanyşlyk sapary hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäklerinde guraldy.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda olaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ekologlary we biologlary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda britaniýaly alymlar öz guramalarynyň işleri barada habar berdiler, suwuň üýtgemeginiň dinamikasyny we Hazar endemikasy – Gyzyl kitaba girizilen Hazar düwleniniň köpelýän ýeri bolan deňziň demirgazyk böleginiň gyşda doňunyň azalmagy bilen baglanyşykly ugurlaryny öwrenmek barada pikir aýtdylar.
Saparyň çäklerinde myhmanlar Balkan welaýatyna we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, şeýle hem Hazar döwlet goraghanasyna degişli ýerlere, tebigat muzeýine we suw meýdançasyna baryp gördüler.
Aşgabatda olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi, olarda hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem pikir alşyldy we teklipler aýdyldy. Ekologiýa gözegçilik gullugynyň Daşky gurşawy goramak bölüminiň başlygynyň orunbasary Mahmytgurban Dosowyň aýtmagyna görä, duşuşyklaryň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ýola goýuldy we indiki çäreler meýilleşdirildi.