Ï Suratlarda ahalteke bedewleriniň waspy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratlarda ahalteke bedewleriniň waspy

view-icon 1408
Suratlarda ahalteke bedewleriniň waspy

Türkmenlerde «Aty baryň ganaty bar» diýilýär. Bu halk nakyly gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar, şol döwürde türki we parfiýa halklarynyň rowaýatlarynda at ýöne bir haýwan bolman, eýsem, aýratyn ukyply jadyly jandar hökmünde garalypdyr.

Ahalteke bedewlerini ençeme ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlary öwrenýärler, olar döredijilik işgärlerine sungat eserlerini döretmäge ylham berýärler.

Suratkeş Öwezgeldi Ýagmyrow öz suratlarynda inçebil ahalteke bedewleriniň nepis gözelligini we asyllylygyny wasp edýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny uçurymy häzirki wagtda Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebine ýolbaşçylyk edýär.

Onuň iş otagynda hemişe döredijilik we yhlasly iş höküm sürýär. Öwezgeldi Daňatarowiçiň çeper eserleriniň köpüsi özüne tükeniksiz ylham çeşmesi bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanypdyr.

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde doglan nakgaş çagalyk döwründen bäri dogduk topragynyň tebigaty bilen ýakyn baglanyşygy ýiti syzýar. Ussadyň çotgajygy uç-gyraksyz tebigaty şekillendirýär, olarda köplenç ajaýyp jandarlar tebigat bilen birleşýän ýaly görünýär, ol şeýtmek bilen behişdi bedewleriň hut şu toprakda dörändigini nygtaýar.

Ahalteke bedewleriniň gujur-gaýratyny we duýgurlygyny wasp edýän portretler bu bedewleriň ajaýyp gözelligini beýan edýär. Suratkeş bedewleriň ýanyp duran gözlerinden başlap, olaryň hyjuwyny we näzikligini takyk beýan edýär. Onuň işlerinde bedewleriň gözelligi, özboluşlylygy we häsiýeti görkezilýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde nakgaş kärdeşleri bilen bilelikde sergilere işjeň gatnaşýar, olarda onuň portretleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär. Sungaty öwrenijileriň pikirine görä, şeýle çeper eserler diňe bir sungat eserleri hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamaga möhüm goşant bolup, türkmen bedewleri bilen baglanyşykly özboluşly ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösmegine we ýaýramagyna ýardam edýär.