Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi

view-icon 1460
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary okuw mekdepler üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.

Olaryň hatarynda awtorlar B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa, R.Hojanyýazow tarapyndan taýýarlanylan «Pars diliniň amaly okuwy» diýen kitap bar. Ol nazary maglumatlary gysgaça we takyk beýan etmek bilen tekstler arkaly talyplaryň dilde gepleşmek başarnygyny ösdürmäge niýetlenendir.

Okuw kitaby sapaklar boýunça bölünendir. Kesgitli temalar boýunça saýlanan tekstler pars dilini öwrenýän talyplaryň söz baýlygyny artdyrmaga, olaryň sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrmaga, ýazuw başarnyklaryny ösdürmäge hem-de sowatlylyk bilimini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Tekstler okuw sapaklarynyň çäklerinde bolşy ýaly, özbaşdak hem öwrenilip bilner. Gönükmelerde Türkmenistana, onuň medeniýetine we sungatyna bagyşlanylan tekstleriň pars diline terjime edilmegi göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa geçilýän sapaga has çuňňur düşünmäge ýardam eder. Şeýle çemeleşme, gürrüňsiz suratda, talyplaryň temany tiz özleşdirmegine oňyn täsir eder.

Kitabyň soňunda pars-türkmen sözlügi ýerleşdirilendir. Bu hem okuw gollanmasy hökmünde onuň gymmatyny artdyrýar.

Ýokary hünär derejesinde pars dilini öwrenýän ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin niýetlenen kitap gepleşik, terjime etmek, grammatiki we orfografiki düzgünleri ulanmak başarnyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem ol talyplara dile erk etmek ukybyny ýokarlandyrmaga hem-de pars dilli ýurtlaryň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryna oňat düşünmäge kömek eder.

Şeýle hem ýakynda ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin «Häzirki zaman rus dili. Söz düzüminiň we sada sözlemiň sintaksisi» diýen täze okuw kitap çykaryldy. Onuň awtorlary N.Titowa hem-de G.Goleýewa.

Bu kitabyň neşir edilmegi «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli umumybilim maksatnamalar boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Bu maksatnamalar ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga, ähli okuw işiniň düzümini we mazmunyny özgertmäge, täze okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplary hem-de okuw gollanmalary döretmäge, olaryň mazmunyny kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, okatmagyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmaga täze çemeleşmäniň zerurdygyny şertlendirdi.

Täze kitap talyp-filologlaryň özbaşdak işini guramak, geljekki rus dili mugallymlar, şeýle hem rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýänler üçin niýetlenendir. Onuň düzüminiň we mazmunynyň aýratynlyklary şonuň bilen kesgitlenýär. Diňe nazary maglumatlary we gönükmeleri özünde jemlän sintaksis boýunça adaty kitaplardan tapawutlylykda täze okuw kitap esasy sintaksis birlikler bilen ilkinji gezek tanyşmak hem-de olaryň esasy aýratynlyklaryny özleşdirmek üçin zerur bolan materiallaryň ähli toplumyny özünde jemleýär. Şeýle hem onda nazaryýet boýunça maglumatlar we dürli görnüşli amaly we barlag ýumuşlarynyň ulgamy bar. Kitap başlangyç tapgyrda öwrenmek üçin ýa-da beýleki okuw kitaplaryň hem-de okuw-ylmy neşirleriň üstüni ýetirýän iş hökmünde ulanylyp bilner.

Okuw kitap iki esasy sintaksis birlikleri beýan edýär we degişlilikde: söz düzümleriň sintaksisi, sada sözlemiň sintaksisi diýen bölümleriň ikisinden ybaratdyr. Her sintaksis birligi üçin gurluş-mazmun çemeleşmesine laýyklykda onuň gurluşyna (grammatik görnüş) hem-de mazmunyna (grammatik mazmun) seljerme berilýär.

Her bölüm sintaksis birliginiň esasy häsiýetnamalaryna düşünmek üçin zerur bolan nazaryýet boýunça gysgaça maglumatlary özünde jemleýär. Nazary materialyň sintaksis birlikleriň böleklere bölünişiniň nusgalary bilen üsti ýetirilýär, şondan soň «sadadan – çylşyrymla tarap» diýen ýörelge boýunça guralan gönükmeler getirilýär.

Rus ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň eserlerinden bölekler, döwürleýin neşirlerden mysallar, nakyllar we atalar sözleri kitap üçin faktlar materiallar hökmünde çeşmeler bolup hyzmat etdi.

Täze kitabyň kömegi bilen talyplar nazary bilimlerini çuňlaşdyrarlar we berkiderler hem-de ol ýa-da beýleki sintaksis birligi dogry ulanmagy öwrenerler.

Çapdan çykan täze neşirleriň ýene-de biri «Häzirki zaman türkmen dili. Sintaksis» diýen kitapdyr, ol G.Myradowa we A.Meredowa taýýarlanyldy. Kitapda sintaksis meseleleriniň amaly taraplaryna aýratyn üns berilýär, şeýle hem onuň nazary esaslary barada gysgaça maglumatlar beýan edilipdir.

Onda sintaksis tarapyndan öwrenilýän meselelere, ýagny sintaksis birliklerine we serişdelerine, söz düzümine, sözleme, tekste, sitata we beýlekilere garalýar. Mundan başga-da, okuw kitabyň mazmunynda sintaksisiň dil biliminiň beýleki bölümleri bilen, hususan-da, punktuasiýa bilen arabaglanyşygyna degişli tema beýan edilýär. Materiallar maksadalaýyk gönükmeler we ýumuşlar bilen berkidilipdir. Her tema boýunça orfografiýa we punktuasiýa düzgünleriniň, orfografik kadalarynyň öwrenilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu okuw kitap talyplar üçin bolşy ýaly, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary üçin hem peýdaly bolar.