Türkmenistanyň wekiliýeti ygtybarlylyk –hyzmatdaşlaryna indiki ýyl üçin ylalaşylan çäreleri beýan etmek we şu ýylda «Merkezi Aziýada howa howpuny dolandyrmak» atly sebit maksatnamasynyň çäginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek boýunça maslahata gatnaşdylar.
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň agro-ekologik şertleri üçin niýetlenen köpýyllyk hyzmatdaşlyk ýerligi bäş ýurduň döwlet edaralary, howuzly suw hojalyk bileleşikleri, sebit edaralary bilen hyzmatdaşlykda bäş ýurduň daşky gurşaw goragy, suw we ýer müdirlikleriniň utgaşdyrmaga gatnaşmagy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistandan şunuň ýaly edara hökmünde ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrligi çykyş edýär. Ylmy we amaly çärelere umumy kömek Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan berilýär.
Daşkent duşuşygynda ýurdumyzyň wekilleriniň arasynda tebigatdan peýdalanmak, agro-ekologiýa, ykdysadyýet, suwdan peýdalanmak boýunça degişli müdirlikleriň öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri boldy. Ýygnananlar tebigy betbagtçylyk howpuny we soňky ýyllarda emele gelen häzirki howa ýagdaýyny, geljege bolan çaklamalary, ýurt boýunça we sebitleýin ileri tutulýan ugurlara, zerurlyklara howanyň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça ýurtlarda görülýän çäreleriň ýerine ýetirilişini derňediler we şular ýaly hadysalaryň ykdysadyýetiň gowşak pudaklaryna edýän täsirine baha berdiler.
Işleşme ýerliginiň tapawutly aýratynlygy täzeçillik – soňundan başgalara tebigatyň, howanyň, ekologiýanyň üýtgemeginiň netijelerinden dynmagyň usullaryny öwredip biljek tälimçileri taýýarlamak we oba hojalygyny hem suw hojalyklary uýgunlaşdyrmak, umuman, ösümliklere we ýer ülňülerine gözegçilik etmek bilen, tebigy baýlyklardan peýdalanmak usullaryny öwredip biljek tälimçileri taýýarlamak boldy. Jemi 30 adam taýýarlyk geçdi, olar öz hünärlerine täze ugur – «klimatolog-analitik» ugruny goşdular. Bular sebitiň ähli ýurtlaryna degişlidirler, hojalyk ýöretmegiň uýgunlaşma strategiýasyny, ýagny kärhanalaryň, bölümleriň, aýry-aýry hojalyklaryň ýa-da ugurlaýyn işleriň tebigatyň we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak strategiýasyny dörediş bilimlerine we başarnyklaryna eýedirler. Okuw amaly maşklary we çekişmeleri öz içine aldy.
Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama Merkezi Aziýanyň bäş esasy derýa basseýninde hereket edýär we adamlara, öz geljegini hem ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak zerurlyklaryna gönükdirilendir.