«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda dowam edýän ýylda Daşoguzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gelýänleriň arasynda bu sebite syýahatçylyk ugry boýunça gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany artdy.
– Bu muzeýimiziň ýurdumyzyň syýahatçylyk edaralary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň netijelerinden biridir – diýip, muzeýiň ylmy işgäri, sungat öwreniji Batyr Uzakberdiýew aýtdy. – Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk pudagy çalt ösýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, baý gadymy taryhy we türkmen halkynyň medeniýeti, özboluşly urp-adatlary hem milli däp-dessurlary munuň möhüm sebäbidir. Syýahatçylyk edaralarynyň muzeýler bilen işjeň hyzmatdaşlygy olaryň öňünde diňe bir işlerini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, baý milli mirasymyzyň ýaýramagyna hem goşant goşýar.
Biz hem, öz gezegimizde, myhmanlar üçin sergi zallarymyzda gezelençleri guraýarys, gelýänleri muzeýiň gymmatlyklary bilen mümkin boldugyça, doly tanyşdyrmaga, olaryň ähmiýetini we gymmatyny doly açyp görkezmäge çalyşýarys. Bizi, işgärleri, myhmanlaryň köpüsiniň Watanymyzyň muzeýleri bilen internet arkaly, şol sanda «virtualmuseum.gov.tm» websaýt arkaly tanyşdyklary begendirýär.
Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň milli mirasymyza, arheologik we tebigy gözel ýerlerimize, türkmen halkynyň baý däp-dessurlaryna we şu günki uly üstünliklerine uly gyzyklanmasyny tassyklaýar.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergileriň, arheologik we etnografik, tebigat we şekillendiriş sungatynyň hemişelik zaly işleýär, şeýle hem şu günki üstünlikler we welaýatyň täze binalary barada sergiler bolan gaznasynda türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen baglanyşykly müňlerçe gymmatlyklar bar.