Ï “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

view-icon 1769
“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
camera-icon
Maksat Gylyjow

Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäginde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilip, Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Şolarda aýdym-saz gözden geçirilişlerine gatnaşyjylaryň çykyşlary yzygiderli guralýar. Her ýylda geçirilýän bäsleşikler ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär.

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzda ýaş estrada aýdymçylarynyň dürli bäsleşikleri, şol sanda ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik başlangyçlaryna, işjeňligine täze itergi berýän, täze zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine, häzirki zaman milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge ýardam edýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan Watanymyzyň kuwwatly güýji we bagtyýar geljegi bolan ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas, beden taýdan sazlaşykly ösmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe saýlama tapgyrlarda geçirildi. Deslapky tapgyrlaryň dowamynda emin agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden has tapawutlanan, ýerine ýetirijilik ussatlygy bolan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň has köp sesini toplan ýaşlary seçip aldylar. Olaryň köpüsi eýýäm Türkmenistanda geçirilýän dürli festiwallarda çykyş edip, tejribe topladylar. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry baş baýragyň eýesini kesgitlemekden ybarat boldy. Bu işe aýdym-saz sahnasynyň ýokary derejeli ussatlary hem goşuldylar.

Şeýlelikde, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylaryň çözgüdine bagly bolup durýar. Jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň içinde tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda tanalýan aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň çeperhöwesjeňler gurnaklaryna gatnaşyjylar, oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän zehinli aýdymçylar hem bar. Iň ökde, zehinli ýerine ýetirijiler indiki tapgyra çykmak we «Türkmen owazy» teleýaýlymy arkaly giň köpçüligiň öňünde çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular.

Eminler hökmünde çykyş eden teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler SMS we jaň etmek arkaly seslerini bermek bilen, gatnaşyjylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha berdiler. Bu çäräniň dowamlylygy, oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Şolaryň iň zehinlilerinden 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy. Eminler toparynyň düzüminde bolan türkmen sahnasynyň ussatlary, geçen ýyllardaky bäsleşikleriň ýeňijileri, medeniýet işgärleri, kompozitorlar, şahyrlar ýaş kärdeşleriniň çykyşlaryna baha bermek üçin ozaldan toplan seslerine sesini goşmak maksady bilen, jemleýji konserte ýygnandylar. Bäsleşige gatnaşyjylar geljekde döredijilik ýolunda uly ähmiýete eýe boljak aýgytlaýjy pursadyň jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň ynamyny ödemek üçin baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Aýdym aýtmak ussatlygyndan daşgary, olar üstünlige ýetmek üçin zerur bolan sahna hereketlerini hem görkezdiler.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Emin agza bolup gatnaşýan sahna ussatlarynyň her bir aýdymçynyň sesiniň arassalygyna, owazyna baha berip bilmekleri üçin aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi. Munuň özi ýaş aýdymçylaryň artistlik ukybyny ýüze çykarmaga ýardam berdi. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary, diňleýjileriň hoşniýetli goldawy aýdymlar bilen utgaşyp gitdi. Häzirki zaman estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk ýaly dürli temadaky aýdymlar ýerine ýetirildi. Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam etdi. Oňa gatnaşan aýdymçylar birek-biregi goldap, tüýs ýürekden üstünlikleri arzuw etdiler. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Her bir aýdymçynyň çykyşyndan soňra, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, ses berişlik hem dowam etdi.

Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy. Soňra dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Gylyçdurdy Durdyýewe göçme kubok we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Milli aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň, halypalaryň ýaşlara döredijiliginde täze üstünlikler barada aýdan arzuwlary ýaş aýdymçylar üçin belent sepgitlere badalga boldy. Çykyş edenler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellediler. Bäsleşigiň ýeňijileri döwlet Baştutanymyzyň üns-aladalaryna jogap hökmünde milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrundaky işlere öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.