Ï Magtymguly Pyragynyň şygryýeti aýdym-saz sungatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti aýdym-saz sungatynda

view-icon 849
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti aýdym-saz sungatynda

Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp okatmaga ýöriteleşen we mekdebe çenli çagalar bölümi bolan paýtagtymyzdaky 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan çäre geçirildi.

«Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy» atly duşuşyk Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda guraldy.

Duşuşykda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň şygyrlarynyň ýaş nesilde watanperwerlik, ynsanperwerlik we edermenlik ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde ummasyz ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgularynyň asyrlar boýy bagşylary hem ýokary hünärli kompozitorlardyr sazandalary ruhlandyrandygyny bellediler. Nusgawy şahyryň eserleriniň dürli neşirleriniň sergisi, şeýle hem döredijilik bilim mekdepleriniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary mekdep okuwçylaryny has-da özüne çekdi.