Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan dürli derejeli çäreler, bäsleşikler, maslahatlar, aýdym sazly dabaralar hem onuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Günbatar sebitde «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» ady bilen guralan döredijilik bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir. Bäsleşigi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi we «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirdiler. Şanly ýylda beýik akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpany, ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan ägirt uly işleri giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini Gündogaryň beýik akyldaryna bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatyň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary gatnaşdylar. Olar bäsleşige hödürlän goşgularynda, hekaýalarynda, makalalarynda meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynyň-häzirki ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirdiler. Şeýle-de taryhy eýýamymyzda nusgawy şahyrymyzyň at-abraýyny bütin älem içre has-da beýgeltmek ugrunda alnyp barylýan işleri, akyldaryň dürli temalardaky çuň manyly şygyrlarynyň ähmiýetini çeper beýan etdiler.
Ýakynda Balkan welaýat kitaphanasynda bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Eminler toparynyň gelen çözgüdi esasynda goşgular boýunça baş baýraga Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Amanmyrat Maýew mynasyp boldy. Bu ugurda birinji orna Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbanmämmet Söýünjow, ikinji orna Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Jänegül Gurbanowa, üçünji orna hem welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Näzgül Annagulyýewa mynasyp boldular.
Hekaýalar boýunça baş baýrak bolsa Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy Taganmyrat Mämiýewe gowşuryldy. Şonuň ýaly-da birinji orny welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Güýçnazar Täşliýew, ikinji orny Etrek etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Dörtguly Tagandurdyýew, üçünji orny şol etrapdaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Akbäbek Garaýewa eýeläp, olar degişli baýraklar bilen sylaglanyldy.
Makalalar boýunça-da baş baýraga Bereket etrabynyň ýaşaýjysy Hangylyç Tagangylyjow eýe bolmagy başardy. Birinji orun Bereket etrap hassahanasynyň lukmany Berdigylyç Mämmedowyň, ikinji orun Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymy Garaja Hudaýberdiýewiň, üçünji orun «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Gyzylarbatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň içerki gullugynyň ussasy Muhammet Muhammedowyň paýyna düşdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýeňijiler bilen birlikde bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine-de Hormat hatlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.